Daşkentde türkmen prezidentini garşylamaga müňlerçe studenti sürdüler
23-nji aprelde Türkmenistanyň prezidentiniň Özbegistana iki günlük resmi sapary başlandy. Ýerli häkimiýetler G.Berdimuhamedowyň ulag kerweniniň geçýän protokol köçesiniň boýunda ir ertirden ellerine iki ýurduň baýdaklary berlen müňlerçe studenti düzdüler diýip, Fergana habar gullygy habar berýär.
Neşiriň bellemegine görä, daşkentdäki ÝOJ-laryň studentleriniň türkmen liderini garşylamaly boljakdyklary baradaky maglumat sosial ulgamlarda geçen dynç günlerinde peýda boldy. Hususan-da studentler “prezident ýolunyň” dürli nokatlaryna parad formasynda gelmek zerurlygy we ýygnanlaryň ählisiniň bellige alynjakdygy baradaky habarlary Facebook ulgamynda paýlaşdylar. Gelmediklere “okuwdan çykarylmaga çenli iň berk çäreleriň” görüljekdigi aýdyldy.
Bu ýazgylara teswir galdyran ulanyjylaryň köpüsi okuwçylaryň ýene bir gezek jemgyýetçilik-ähmiýetli (häkimiýetleriň nukdaý nazaryndan) işe gatnaşmaga mejbur edilmegine nägilelik bildirdiler. Sebäbi, prezident Şawkat Mirziýoýew we premýer Abdylla Aripow şu aýda bu hili çäreleri köki bilen köwläp aýyrmak wadasyny berdi . Sosial ulgamlary ulanyjylar G.Berdimuhamedowa öz ýurduna, ildeşleriniň “bolmalysy ýaly” garşylaýan ýerine dolanyp barýança sabyr etmegi teklip etdiler.
23-nji aprelde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistanyň Prezident Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.
Bu gepleşikde Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandy üçin özbek kärdeşine minnetdarlyk bildirip, bu gezekki duşuşygyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda möhüm tapgyra öwrüljekdigine ynam bildirdi. Birek-birege düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Şawkat Mirziýoýew ozal gazanylan we uzakmöhletleýin ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň çäklerinde türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Özbegistanyň netijeli döwletara syýasy gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, özara bähbitli söwda-ykdysady hem-de netijeli medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga üýtgewsiz ygrarlylygy tassyklanyldy. Şeýle hem taraplar sebit we özara gyzyklanma eýe bolan ählumumy gün tertibiniň birnäçe möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar..