Wena maslahaty ýadro ylalaşygy direltmek üçin
Ýadro ylalaşygyň bilelikde gurulan komitetiniň maslahaty,Eýranyň bildiren islegi boýunça,Amerikaň ýadro ylalaşykdan çykmagynyň yzy gelimleriniň barlanylmagy maksaty bilen bu ýurduň goşulman ýagdaýynda atom energiýanyň halkara agentliginiň başlygy Ýukio Amanonyň hem huzurly bolmagynda Wenada geçirildi.
Ýadro ylalaşygyň bilelikde gurulan komitetiniň maslahaty, asly maksaty ,Amerikasyz,Eýranyň ýadro ylalaşygynyň dowam edilmegi,ýadro ylalaşygyň beýleki taraplary arkaly Tähranyň bähbitleriniň kepil geçilmegi we Amerikaň sanksiýalarynyň ,Eýranyň ykdysady işlerine böwüt bolup bilmeginiň öňüne geçilmegi bolandyr.Wena oturuşygy Amerikaň 2018-njy ýylyň maý aýynyň 8-inde ýadro ylalaşykdan çykmagyndan soň Eýranyň geçirýän geňeşleriniň dowamynda geçirildi.bu oturşukdan ozal,Eýranyň daşary işler ministri Zarif,yslam Eýranyň prezidenti Hasan Ruhanyň buýrugy boýunça,ýadro ylalaşygyň dowam etmegi üçin ýakynlykda netijä ýetmegi ugurynda Hytaý,Orsýet we ýewropaly ýurtlary Angeliýa,Fransiýa we Germaniýanyň resmileri bilen gepleşip başlady.yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy aýatolla Hameneý hezretleriň ,ýurduň 3 güýçüniň başlyklarynyň we beýleki jogapkärleriniň bir toparynyň duşuşygynda aýdan gürrüňlerinde açyk beýan edildi.ýewropalylar,Eýranyň raketa işleri we sebitdäki huzury barada asla gürrüň etmeli däldirler,Amerikaň Eýranyň tersine bolýan sanksiýalaryna garşy göreşmelidirler.Eýrandan nebit satyn almaklaryny Eýranyň mätäçligine görä kepil geçmelidirler we Ýewropaň banklary Eýranyň banklary bilen hyzmatdaşlyk etmelidirler.bu şertler yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň ýadro ylalaşygynyň dowam edilmegi üçin goýan şertlerindendir.bu şertler ýadro ylalaşygynyň özünde hem getirlendir.başgaça aýtsak şol ylalaşyk boýunça Eýran,hiç bir kynçylyksyz öz nebitini satyp pul almalydyr.kompanýalaryň Eýran bilen hyzmatdaşlyk etmekleriniň ýoly arassa bolmalydyr.maýadarlar hiç bir alada bildirmezden Eýranda maýa goýum edip bilmelidirler we Amerikaň ýaňadan Eýrany sanksiýalara salmajakdygy kepil geçmelidir.şeýle halda Ýewropanyň beýleki meselelere şol sanda Eýranyň raketa işleriniň we sebitleýin huzurynyň gürrüňlerine girişmekleriniň ýadro ylalaşyga hiç bir ilteşikli ýeri ýokdyr. yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy ,ýewropalylaryň käbir wagtlarda şu meselelere girýändikleri babatly,ony ýadro ylalaşygyň ýewropa üçin bolýan şerti beýan etdiler.