Kaspiniň durumy boýunça ylalaşyk
(last modified Thu, 31 May 2018 09:29:47 GMT )
May 31, 2018 14:29 Asia/Ashgabat
  • Kaspiniň durumy boýunça ylalaşyk

Hazarýaka ýurtlary( Azerbaýjan , Eýran , Gazagystan , Orsýet we Türkmenistan) Kaspiniň durumy boýunça sammitiň syýasy dokumentiniň taslamasyny ylalaşdy.

Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Orsýetiň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary Kaspiniň durumy boýunça Gazagystanda planlaşdyrylan sammitiň jemleýji syýasy dokumentiniň taslamasy barada ylalaşyga geldiler diýip, “Komersant” neşiri RIA Nowosti habar gullugyna salgylanyp habar berýär.

 «Kaspi deňziniň hukuk durumy boýunça Konwensiýany işläp düzmek baradaky toparyň işçi toparynyň  21-24-nji maýdaky meslisinde taraplar deslapky gün tertibini hem-de öňde duran ýokary derejeli gepleşikleriň jemleýji syýasy dokumentiniň proýekti boýunça ylalaşyga geldiler. Şeýle-de bäş taraply pudaklaýyn dokumentleriň taslamalaryny yalalşmak babatdaky işleriň barşy, olara 5-nji Kaspi sammitinde Kaspiniň hukuk durumy babatdaky Konwensiýa bilen bileleikde gol çekilmegine görülýän taýýarlyk barada  maslahatlaşdylar” diýip, Azerbaýjanyň DIM-inde habar agentligine gürrüň berdiler.  

Şeýle-de, Hazarýaka döwletleriniň hökümetleriniň arasynda transport pudagyndaky hyzmatdaşlyk we söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyk, Kaspi deňzinde hadysalaryň öňüni almak baradaky ylalaşyk, terrorçylyga we guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreş protokoly, serhetýaka wedomstwalarynyň howpsuzlyk meselesinde özara hyzmatdaşlyk etmegi hakynda gürleşildi.

“Taraplar Hazar deňziniň deňiz tebigatyny goramak boýunça taraplaryň Çarçuwalaýyn konwensiýanyň maslahatynyň nobatdan daşary  mejlisini  iýulda Moskwada geçirmek teklibini gutladylar. Bu sessiýanyň çäginde agzalan konwensiýanyň serhetaşyr manysynda tebigy ýagdaýa ýetirýän täsirine baha bermek barada teklip edilýän protokoly kabul etmek we gol çekmek planlaşdyrylýar.

Ýörite işçi toparynyň indiki mejlisi Gazagystanda geçiriler. Onuň anyk wagty diplomatik kanallar arkaly ylalaşylar” diýip, Azerbaýjanyň DIM-inde aýtdylar.

TASS-yň Gazagystanyň daşary işler ministri Kaýrat Abdyrahmanowa salgylanyp habar bermegine görä, “ýakyn wagtda ekspertler, ýörite ygtyýarly ilçiler we ýörite wekiller derejesinde Aşgabatda duşuşyk geçirmek planlaşdyrylýar. Şondan soň Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň geňeşi çagyrylar. Soňra, deňziň hukuk durymy baradaky Konwensiýanyň näderejede taýyndygyna baglylykda, Hazarýaka döwletleriniň Astanadaky sammitini anyk haýsy senede geçirmelidigi kesgitleniler.”