Türkmenistanyň raýatlary Orsýetden watanyna bir ýylda $1,6 mln geçirdiler
https://parstoday.ir/tk/news/uncategorised-i3266-türkmenistanyň_raýatlary_orsýetden_watanyna_bir_ýylda_1_6_mln_geçirdiler
2017-nji ýylda Orsýetden Türkmenistan geçirilen puluň möçberi $1,6 milliona barabar diýip, Fergana habar agentligi Orseýtiň Merkezi bankyna salgylanyp habar berýär.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Jun 19, 2018 19:07 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň raýatlary Orsýetden watanyna bir ýylda $1,6 mln geçirdiler

2017-nji ýylda Orsýetden Türkmenistan geçirilen puluň möçberi $1,6 milliona barabar diýip, Fergana habar agentligi Orseýtiň Merkezi bankyna salgylanyp habar berýär.

2017-nji ýylda Orsýetden Türkmenistan geçirilen puluň möçberi $1,6 milliona barabar diýip,  Fergana habar agentligi Orseýtiň Merkezi bankyna salgylanyp habar berýär.

Regionyň beýleki ýurtlary barada aýdylanda, 2017-nji ýylda RF-dan öz ýurduna iň köp serişde geçiren Özbegistanyň raýatlary bolup, olar $3,9 mlrd serişde geçirdiler. Soňra Täjigistan – $2,5 mlrd, Gyrgyzystan — $2,21 mlrd we Gazagystan gelýär – $709 mln.

Şeýle-de neşir 2018-nji ýylyň birinji çärýeginde fiziki şahslaryň Orsýetden Türkmenistana 2017-nji ýylyň degişli döwrüne garanda bäş esse az pul geçirendiklerini habar berýär.

RF-nyň MB-nyň maglumatyna görä, 2018-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Orsýetden Türkmenistana $0,2 mln geçirilen bolsa, 2017-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlary aralygynda $1 mln geçirildi. Şonuň bilen bir wagtda bir gezekde geçirilýän puluň ortaça möçberi $380-den $278-e çenli azaldy. RF-nyň MB-nyň başga bir statiski gullugynda   2018-nji ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistana geçirilen puluň möçberi 0-a barabardygy aýdylýar(2017-nji ýylyň birinji çärýeginde – $0,95 mln).

Türkmenistandan Orsýete geçirilýän serişdäniň möçberi birneme köp, ýogsa bu görkezijide hem Türkmenistan Merkezi Aziýa we GDA ýurtlarynyň arasynda ahyrky orunda durýar. 2018-nji ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistandan Orsýte fiziki şahslar tarapyndan $7 mln. serişde geçirildi. 2017 -nji ýylyň birinji çärýeginde bolsa, $18 mln geçirildi. Şeýlelikde, geçirilýän puluň möçberi bir ýylda 2,5 esse töweregi azaldy.

Belleýäris, Türkmenistandan daşary ýurtlara işlemäge gidýän migrantlaryň aglaba bölegi Türkiýä ýykgyn edýär. Sebäbi, Orsýteden tapawutlylykda, ol ýerde bu ýurduň raýatlaryndan wiza talap edilmeýär. Emma, ýurduň ýaşaýjylarynyň onuň çäklerinden daşary gitmegini çäklendirmek hakynda aşakdan berlen görkezme  bar.

Ýatladýarys, 2017-nji ýylda Orsýetde Türkmenistanyň 74 müň raýaty migrasiýa hasabatyna durdy  , 729 türkmenistanly bolsa rus raýatlygyny aldy.

Türkmenistandanda geçen aýlarda Dollaryň “gara bazardaky” kursy resmi kursdan näçe esse gymmatlady.

Resmi walýutanyň kursunyň aşaklamagy azyk önümleriniň, dermanlaryň we dürli hyzmatlaryň bahalarynyň ýokarlanmagyna  getirdi.