Eýrana garşy sanksiýalary aýrylmagy hakda islegler
Amerikanyň Eýrana garşy sanksiýalarynyň wagtynyň golaýlamagy bilen ,adam hukuk aktiwistler bilen ilin guramalaryň agzalarynyň bir topary,şu wagtyň özünde Eýranyň sanksiýalara salynmagyna soň berilmeli diýärler.
Amerikanyň Eýrana garşy sanksiýalarynyň wagtynyň golaýlamagy bilen ,adam hukuk aktiwistler bilen ilin guramalaryň agzalarynyň bir topary,şu wagtyň özünde Eýranyň sanksiýalara salynmagyna soň beriň diýen isleglerini Ak-Tamyň saýtynda ýazga geçirendirler.Ak-Tamyň saýtynda ýazga geçirilen şol islegde geçen 4 on ýyllyk boýunda Amerikanyň Eýrana garşy ýola beren sanksiýalary adalatsyz wasp edilip,bu sanksiýalaryň maksaty ,Eýran ilatynyň garaşsyzlygyna we ösüşine zarba urmakdyr diýlip yglan edilendir.şol isleg hata gol çeken adamlar ,ykdysady sanksiýalar ,adam hukukynyň gödek bozmagyna baryp çatýan işdir,şonuň üçin adam hukukyna hemaýat berýän taraplar we ilin guramalar,Ak-Tamyň ,Eýranyň tersine bolýan sanksiýalaryny her ne çaltrak ýatyrmagyny isleýärler diýip nygtandyrlar.Amerika ,Eýrana agram bermek üçin şeýle bir ýagdaýda ýadro ylalaşykdan çykyp Eýrany ýaňadan sanksiýalara salmak syýasaty ileri sürýändir welin,dünýä ýurtlaryň köpüsi şol sanda Ýewropa ýurtlary bilen adam hukuk toparlary,Waşingtonyň bu tutumyndan närazy bolup Amerikany,Eýran ilatynyň hak hukuklaryny görmezlik etmekde aýyplaýandyrlar.şeýle halda Amerikanyň resmileri şol sanda bu ýurduň prezidenti Donald Tramp,hemişe habar serişdeleriň garşysynda beren gürrüňlerinde Eýranyň milletine hormat goýýandyklaryny toslandyrlar.bu toslamalar şeýle bir ýagdaýda bolýandyr welin,Waşingtonyň ,dürli ýurtlaryň garşysynda ýola berýän sanksiýalar syýasaty ,şol şol ýurtlaryň ilatynyň ýaşaýyşlaryna täsir galdyrjakdyr.bu mesele bolsa dawa etýänleriň satyn alynmaklarynda çäklik döredilip adamlaryň bir toparynyň janlaryna howp awanan zamanynda köpräk özüni görkezendir.Yslam Eýranyň prezidenti Hasan Ruhany ,Amerikaň dünýäde adam hukukyny gödek bozýan ýurt diýip yşarat etdi,şeýlede Eýranyň sanksiýalara salynmagyny ,adam hukukyna garşy bolýan isdir,o näme ilatyň ýaşaýyşlaryny ,imit damaklaryny we dawa-dermanlaryny maksat edinýändir diýdi.hakykatda sanksiýa syýasatyndan haýyrlanyp Eýrana köpräk ykdysady agramlaryň berilmegi üçin bilelikde toplum gurulmagy ugurynda tagalla edilmegi ,Waşingtonyň ençeme ýyl bäri yzarlaýan syýasatydyr.indi hem Amerika,sanksiýalar abzalyndan,öz agalyk ediji maksatlaryna ýetmegi ugurynda haýyrlanjak bolup tagalla etýändir.şeýle ýagdaýda Amerikaň maksaty diňe Eýrany dälde eýsem bütin dünýä köpçüligini ,Waşingtonyň syýasatlaryna boýun etmekdyr.ol bir tarapdan Amerikaly resmileriň ,sanksiýalaryň maksatyny ,adam hukukyň köpräk depelenmeginiň öňüne geçmek,terrorizme garşy göreşmek,atom ýaraglaryň ýaýramagynyň gadagan edilmegi ,ekologiýany goralmagy we sebitde dawalaryň we howplaryň köpelmeginiň öňüne geçmek yglan etýän ýagdaýlarynda olaryň hut özleri dünýäde adam hukukyny iň güýçli depeleýän taraplardyr.