Türkmenistanda umumybilim hakda
https://parstoday.ir/tk/news/uncategorised-i4829-türkmenistanda_umumybilim_hakda
TDH: Türkmenistanda umumybilim okuw maksatnamasyny gysgaldylan möhletde özleşdirmäge mümkinçilik döredilýär
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Mar 03, 2019 21:15 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanda umumybilim hakda

TDH: Türkmenistanda umumybilim okuw maksatnamasyny gysgaldylan möhletde özleşdirmäge mümkinçilik döredilýär

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 1-nji martda  döwlet mekdebe çenli çagalar edaralary hakyndaky düzgünnamany hem-de döwlet umumybilim edaralary hakyndaky düzgünnamany tassyklamak hakyndaky karara gol çekdi. Bu düzgünnamalar wise-premýer Pürli Agamyradow tarapyndan hödürlendi.

TDH-nyň habar bermegine görä, hereket edýän kanun namalaryna gaýtadan seredildi we olara düzedişler girizildi.

Hususan-da, umumybilim edaralary hakyndaky düzgünnama üýtgetmeler girizildi. Şoňa laýyklykda, döwlet tarapyndan her bir raýata umumy orta bilim almak hukugy kepillendirilýär. Saglygy babatda mümkinçilikleri çäklendirilen, şeýle hem wagtynda umumy orta bilim alyp bilmedik adamlara bilim almak babatda zerur şertler döredilýär.

“Çagalaryň tebigy zehinini açmak, ösdürmek we höweslendirmek şertleriniň we görnüşleriniň barha artýandygyny nazara almak bilen, şonuň esasynda halkara tejribä laýyklykda, umumybilim okuw maksatnamasyny kesgitlenen möhletinden gysgaldylan möhletde özleşdirmäge mümkinçilik döredilýär” diýip, TسDH habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, kadalaşdyryjy namalardaky üýtgetmelere laýyklykda, “okuw işi türkmen halkynyň milli däpleriniň iň oňat nusgalaryny peýdalanmak bilen, dünýäniň häzirki zaman öňdebaryjy mugallymçylyk ylmynyň we usulyýetiniň gazananlary esasynda guralýar”.

Neşir başga hiç bir jikme-jikligi beýän etmeýär.

Ýatladýarys, Türkmenistanyň bilim pudagynda “harajatlary optimallaşdyrmak” maksady bilen reforma geçirilýär. “Türkmenistanyň Hronikasynyň” ozal habar berşi ýaly, netijede ýazgy edilen ýeri boýunça işlemeýän mugallymlar we terbiýeçiler işden boşadylar, üç ýyl içinde Ylamlar akademisýanyň döwlet býujetinden maliýeleşdirilmegi bes ediler, ylmy-barlag institutlarynyň işgärleriniň üçden biri ştat kemeltmä düşüdiler. Fewralda Aşgabadyň şäher bilim edarasynyň 28 hasapçysy işini ýitirdi.