Pars Aýlagy baradaky Zarifiň ileri süren taslamasy
Eýranyň daşary işler ministri , sebit ýurtlar , hyzmatdaşlyk we birek -birege hüjüm etmesizlik we bireg-birege dahylçylyk etmesizlik ylalaşyga gol goýup , hemmelere amanlyk , parahatçylyk we durnyklylygy we ýaşaýyş serişdeleri ni kämileşdirmegi sowgat edip biljekdirler diýip hödür berdi.
Eýranyň daşary işler ministri , Mohemmet Jawad Zarif , Angliýanyň fainanşal taimz žurnaly bilen geçiren söhbetdeşliginde , Hormoz ýaraşyň döredijiliginiň çarçuwasynda , Eýran , Yrak , Sogud Arabystan , katar , Kuweýt, Omman ,Birleşen Arap Emirlikleri we Bahreýn , BMG-nyň jarnamasynyň asylly maksatlary esasynda , birek-biregiň içer işlerinde dahylçylyk etmesizlik we bireg-birege hüjüm etmesizlik ylalaşygy düýbüni tutup biljekdiklerini beýan etdi. Eýranyň daşary işler ministri , durly tapgyrlarda we ýiti döwürlerde , pars aýlagda yzy giderli bolan amanlyk we parahatçylyk we ýaraş goramak üçin durly hödürleri berendir.
Goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmek we söhbetdeş bolmak , garşylykly hormat goýmak we birek-biregiň içer işlerine dahylçylyk etmesizlik , Eýranyň daşary syýasatynda 3 esasy asly dyr we bü çarçuwasynda , Eýran yslam respublikasynyň prezidenti , Hasan Ruhaniniň döredijilikli plany BMG-nyň umumy ýygnagynda ara atyldy. Birek-biregiň häkimiýetine we ýurt betöwi ligine hormat goýmagy , halk ara serhetleriň aman bolmaklary we agyz alalyklary parahatçylyklar bilen çözlemegi , we her hilli haýbat atmakdan , zor aýtmakdan we birek-birege garşy bolan bileleşiklere goşulmasyzlyk , we pars aýlagyndaky baýlyklardan her ýurtyň akyla sygarly haýyrlanmagy , Eýranyň , bu ýiti we strategik sebitiň yzy giderli parahtçylykda bolmagy üçin , beren hödüri dir. Pars aýlag sebiti , jahanyň energiýa bazarynda aýratyn roly bar dyr. Bu aýlagdan durly gämiler gatnaýandyrlar , şonyň üçin , bu sebit , jahanyň yktysady özgerişleriniň merkezi dir . Jahanyň yktysadýyty , bu sebit däki özgerişlerinden , täsir alýandyr we sebit aşa ýurtlaryň pars aýlag sebitine bolan tapawutly ýüzleşmeleri , bu sebiti amanlyk we syýasy taýdan kynçylyga düşürýän dir . Şeýle şertlerde , bu sebitde bolan ýurtlar öz aralarynda bir peýmany baglap we birek-birege ynam edip , pars aýlag sebitiniň özgerişlerini kontrol edip biljek dirler.