Ýasama huş tehnologiýasy, Eýran we Türkiýäniň täze hyzmatdaşlyklary.
-
هوش مصنوعی
Eýranyň ara gatnaşyklar we aňtaw tehnologiýasy ministri Mohammad Jawad Azariýe Jähromi , Türkiýeň ýük daşaýyş we ysasy gurulşyklar ministriniň orunbasary Omor Fatih Saýan bilen geçiren duşuşygynda , Tähran bilen Ankaraň , Aňtaw we tehnologiýa bölüm däki hyzmatdaşlyklaryny ösdürmekde berk yradaly bolýandyklaryna yşarat edip ýasama huşyň ösdürilmegi ýerlikde bilelikde hyzmatdaşlyk etmegini isledi.
Eýranyň ara gatnaşyklar we aňtaw tehnologiýasy ministri Mohammad Jawad Azariýe Jähromi , Türkiýeň ýük daşaýyş we ysasy gurulşyklar ministriniň orunbasary Omor Fatih Saýan bilen geçiren duşuşygynda , Tähran bilen Ankaraň , Aňtaw we tehnologiýa bölüm däki hyzmatdaşlyklaryny ösdürmekde berk yradaly bolýandyklaryna yşarat edip ýasama huşyň ösdürilmegi ýerlikde bilelikde hyzmatdaşlyk etmegini isledi.
Ýasama huş , 21-nji asyrda ynsanlaryň ýaşaýyşlarynyň gerekli bolýan mätäçlikleriniň birisine öwrülüp barýandyr. Hakykatda ýasama huş , tehnologiýa senagatynda gerekli bolýan bölüme öwrülendir we barlaýjylyk işlerde we elbetde senagat bölümünde gaty möhüm bolýandyr. Hakykatda dünýede ykdysadyýetiň ösmegi , şeýle tehnologiýasyna gaty bagly bolýandyr. Şonyň üçin , ýasama huş bilen deýta (data) bölümlerde bolýan ösüşleriň çaltlyk bilen bolmagy ugurunda tagalla edilmelidir. Şu çarçuwada geçen iýun aýynda Eýranyň aragatnaşyklar we aňtaw tehnologiýasy ministri Mohammad Jaýad Azariýe Jähromiň gonakdar bolmagynda Tähranda Eýrany , Russiýa , Türkiýe we Azerbaýjan respublikasynyň aragatnaşyklar we aňtaw ministrleriniň 4 taraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Şol duşuşygyň iň möhüm sargydy , tehnologiýa bölümde hasda aňtaw tehnologiýasy bölümde Amerikaň etýän bi taraplaýyn işlerine garşy göreşmegi üçin gaty tagalla edilmeginiň gerekliligi bolandyr. Şol Tähran duşuşygy , ýasama bölüminde bir uly sebitleýin bazaryň açylmagy we Amerikaň bir taraplaýyn işlerine garşy göreşmegi üçin , dijital ykdysadyýetiň gelejeginden paý alynmagy bolandyr. Şeýle ýagdaýda Eýran , Russiýa , Türkiýe we Azerbaýjan respublikasy , sebitde dijital ykdysadyýetinde rol oýnaýan bütin taraplaryň huzurly bolmaklary bilen ýylda sergiň açylmagynyň çarçuwasynda gudratly sebitleýin bazaryň açylmagy we sebit ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň ösmekleri ugurunda ylalaşandyrlar. Şol ylalaşyk , täzä tehnologiýalar bölümde sebit ýurtlaryň bilelikde hyzmatdaşlyk etmekleriniň gelejegini aýdyň edendir. Indi bolsa şol belli edilen ýol däki maksatlara ýetilmegi üçin bilelikde hereket edilmegi gerekli bolýandyr. Eýran Yslam Respublikasy , ylmy tehnologiýalarda ýokary ösüşden paýlydyr we ýasama huş bölümünde hem şu ýolda gadam ardan ýurtlar bilen etýän hyzmatdaşlyklaryny ösdürmekde berk yradaly bolýandyr. Şu ugurda Eýranyň aragatnaşyklar ministri soňky wagtlarda Malaýziýa bolan saparynda iki ýurdyň ýokary oku jaýlarynyň ýasama huş baradaky barlaglarda ylmy hyzmatdaşlyklary etmegini , Malaýziýanyň senagat ministrine hödür berendir. Şol hödür bolsa Malaýziýaly tarapdan garşy alynandyr we iki ýurt bu meseläni öz aragatnaşyklarynyň iş buýrugynda goýmaly bolandyrlar. Bu hilli tehnologiýalarda maýa goýum edilmegi , zamanyň geçmegi bilen bir gerekli meselä öwrülendir we uly gudratlar hasda Amerika , şu ýerlikde hüjüm ediş syýasatlaryny ileri sürýändirler. Olaryň maksatlar hem strategik taýdan gelejekde köpräk täsirleri galdyrmaklary we žeo ekonomik taýdan köpräk peýda görmekleridir. Durmuşda dijital ykdysadyýetiň köp bölümi , ýasama huş barada bolýandyr we Eýranyň degişli kompaniýalary Amerikanyň sanksiýalarynyň bolmagy bilende , şu ýerlik däki barlaýjylyk işlerini ösdürendirler. Eýranyň aragatnaşyklar we aňtow teknologiýasy ministri Mohammad Jaýad Azäriýe Jähromiň, Türkiýeň ýok daşaýyş we ysasy gurulşyklar ministriniň orunbasary Omor Fatih Saýan bilen geçiren duşuşygynda aýdan gürrüňlerini bolsa , tehnologiýasy bölümde hyzmatdaşlyk edilmeginiň täze babynyň açylmagy ugurunda bilip bolýandyr.