Amerika jahnlyk pursatlary kynçylyga düşürendir.
-
کرونا، تحریمها
Milletleri öz mali baýlyklaryndan mahrum etmek we olary doňdurmak we halk ara mali çeşmelerden bähbitli bolmaga ol ýurtlara böwet bolmak, korona bilen göreşmek üçin hemmeleriň tagalla etmelidigini düşünmesizlikdir.
Milletleri öz mali baýlyklaryndan mahrum etmek we olary doňdurmak we halk ara mali çeşmelerden bähbitli bolmaga ol ýurtlara böwet bolmak, korona bilen göreşmek üçin hemmeleriň tagalla etmelidigini düşünmesizlikdir.
Eýran yslam respublikasynyň , Fransiýa däki ilçisi , Bähram Gasemi , Eýranyň Fransiýa däki ilçihanasynyň internetlik sahypasynda , jahanda koronaň ajy pajygasyny açyklap , kä bir ýurtlaryň , Eýrana garşy syýasy maksatlar üçin , aňry baş gysyşlary bermek we sanksiýalary ýöretmek işleri etýänligini ýatlady. Ol korona wirusy , jahanyň hemmesine hüjüm edendir , bu dert hemme ýeriň derdydyr , we bu dertden diňe hemmeleriň bileleşip göreşmekleri we tagallalary bilen gutulup boljakdyr diýip nygtady. Eýran yslam respublikasynyň Fransiýadaky ilçisi , Bähram Gasemi , jahan durmuşda , howatyrlanmagyň, gaýgyň , aladaň , menjeşigiň we öz aladaňy etmegiň , täze bir suratyny , bireg-birekden üzük bolan jahanda we taryhda görnüşe goýup durandyr diýmek bilen, jahan boýdan başynda , geçen 10 ýyllyklaryň boýunda , durly tebigy belalar , şol sanda , ýer titremek we sil ýaly belalar ýüze çykandyr we jahanlylar her hilli niýetleri bolsada , pajyga uçranlara , bela uçranlara , medet ýetirip , olar bilen dertdeşlik bildirýändirler diýip yglan etdi.
Şu çarçuwada , Eýran yslam respublikasynyň Russiýadaky ilçisi , Kazem Jalaly,Moskwada ,Ýaponiýaň ilçisi , Toýohisa Kodzuki bilen telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginde, korona bilen göreşmekde , Ýaponiýanyň Eýrana beren hemaýatlaryndan gadyrdanlyk bildirip , Eýrana garşy saglygy goraýyş ugurda bolan terrorizm we Amerikanyň korona bilen jahanlyk göreşiň bolmagynyň öňini almak üçin etýän tagallalary we Eýran yslam respublikasynyň , korona wirusy bilen göreşmekde eden soňky işleri hakda söhbetdeş boldy. Bu söhbetdeşlikde , Ýaponiýanyň Russiýadaky ilçisi, Eýranyň korona wirusy bilen göreşmekde etýän tagallalaryny we oňa garşy berk göreşini , öwgä laýyk bildi . Amerika, Eýrana garşy bi kanun sanksiýalary amala aşyryp , 2005-nji ýylynda tassyklanan , saglygy goraýyş ugurda bolan halk ara kararlary gödek bozandyr. Korona , jahanlyk jebislige we hyzmatdaşlyga bir pursaty berendir welin Amerika bu pursaty kynçylyga düşürendir.