Başar Assad:terrorizme garşy ýeňiş Siriýanyň ýaňadan abatlanmagyna şert döretjekdir.
https://parstoday.ir/tk/news/uncategorised-i789-başar_assad_terrorizme_garşy_ýeňiş_siriýanyň_ýaňadan_abatlanmagyna_şert_döretjekdir.
Siriýanyň prezidenti Başar Assad terrorizme garşy yzygiderli üstünlikler Siriýanyň ýaňadan abatlanmagyna gowy mümkinçilikleri döretjekdir diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 18, 2017 17:54 Asia/Ashgabat
  • Başar Assad:terrorizme garşy ýeňiş Siriýanyň ýaňadan abatlanmagyna şert döretjekdir.

Siriýanyň prezidenti Başar Assad terrorizme garşy yzygiderli üstünlikler Siriýanyň ýaňadan abatlanmagyna gowy mümkinçilikleri döretjekdir diýdi.

Siriýanyň resmi habarlar gullugy SANA-yň beren habaryna görä,Siriýanyň prezidenti Başar Assad ýokary derejeli ykdysady topara ýolbaşçylyk edip Damaska sapar ede Orsýetiň premýer ministriniň orunbasary Dimitri Rogozin bilen geçiren duşuşygynda terrorçylara garşy ýeňişler Siriýa bilen Orsýetiň hyzmatdaşlyklaryna köpräk şertleri döredip biljekdir diýip nygtady.

iki tarap bu duşuşykda Siriýa bilen Orsýetiň ykdysady gatnaşyklarynyň aýratynda nebit,gaz,elektrik,petro-himiýa,ýok daşaýyş we söwda hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmegi barada pikir alyşdylar.