Amerika Siriýanyň demirgazygyna aralaşjak bolýar
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i102-amerika_siriýanyň_demirgazygyna_aralaşjak_bolýar
Siriýanyň premýer ministrniň maslahatçysy Abdulgader Azuz bu ýurduň demirgazyk sebitine aralaşmak ugurda Amerikanyň tagalla edip duranlygyny aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 31, 2017 18:54 Asia/Ashgabat
  • Amerika Siriýanyň demirgazygyna aralaşjak bolýar
    Amerika Siriýanyň demirgazygyna aralaşjak bolýar

Siriýanyň premýer ministrniň maslahatçysy Abdulgader Azuz bu ýurduň demirgazyk sebitine aralaşmak ugurda Amerikanyň tagalla edip duranlygyny aýtdy.

Abdulgader Azuz Tasnim habarlar gullugy bilen geçiren söhbetdeşliginde DAEŞ-iň ýerine kürt güýçleri ulanmak ugurdaky Amerikanyň tagallasyna yşarat edip Amerika döwleti Siriýanyň Al-Rakge şäherine aralaşyp operasiýalary amala aşyrmak bilen öz syýasatlaryny sebite töňkemäge şert döretmegiň yzyndadyr diýip nygtady.

Abdulgader Azuz sözüniň dowamynda Amerikanyň ýolbaşçylygyndaky bileleşigiň Siriýada döreden weýranalyklaryna hem yşarat edip Al-Rakge şäheriniň ýaňadan abatlanmagy Amerika üçin ähmiýetsiz meseledir we bu şäherde öz harbylaryndan haýyrlanylmaga aýak diremegi Al-Rakge şäherini kämil ýok etmek ugurda Amerikanyň hereket edýänligini mälim edýändir diýip beýan etdi.