Barzaniniň, Erbiliň Bagdat bilen gepleşiklere taýýardygyna ünsi çekdi
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i10616-barzaniniň_erbiliň_bagdat_bilen_gepleşiklere_taýýardygyna_ünsi_çekdi
Yragyň Kürdüstan sebitiniň premýer-ministri Erbiliň bar bolan meseleleriň çözgüdini tapmak üçin Yragyň merkezi hökümeti bilen gepleşik geçirmäge taýýardygyny mälim etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Mar 09, 2021 09:54 Asia/Ashgabat
  • Barzaniniň, Erbiliň Bagdat bilen gepleşiklere taýýardygyna ünsi çekdi

Yragyň Kürdüstan sebitiniň premýer-ministri Erbiliň bar bolan meseleleriň çözgüdini tapmak üçin Yragyň merkezi hökümeti bilen gepleşik geçirmäge taýýardygyny mälim etdi.

Fars habar gullugynyň sişenbe güni beren habaryna görä, Yragyň Kürdüstan sebitiniň premýer-ministri "Masrour Barzani" "premýer-ministr" Mustafa Al-Kadhiminiň irki saýlawlary üstünlikli geçirmek üçin gepleşiklere çagyryşyny garşylady.

Barzani, federal hökümet bilen Kürdüstan sebitiniň arasyndaky ähli problemalary konstitusiýa laýyklykda çözmek üçin hemmetaraplaýyn we gutarnykly ylalaşyga gelmäge taýýardygyny aýtdy.

Bagdat bilen Erbiliň arasyndaky gatnaşyklar 2017-nji ýyldan bäri Yrak Kürdüstanda Yrakdan aýrylmak baradaky referendumdan soň dartgynlaşdy we Bagdat referendumy bikanun diýip yglan etdi.