Adam Hukuklary Geňeşi sionist režimiň Siriýanyň Golanyndaky jenaýatlaryny ýazgardy
BMG Adam Hukuklary Geňeşi penşenbe güni gije rezolýusiýada sionist režimi Siriýadaky basyp alnan Golan belentliginiň ýaşaýjylarynyň hukuklaryny bozandygy üçin ýene bir gezek ýazgardy.
Siriýanyň resmi habar gullugynyň (SANA) habaryna görä; BMG Adam Hukuklary Geňeşi "Siriýanyň Golan belentliklerinde adam hukuklary ýagdaýy" atly kyrk altynjy mejlisiniň ahyrynda sionist režimiň eýelenmek we kolonial şäherleşme syýasatlarynyň durmuşa geçirilmegini ýazgardy.
Geňeş şeýle hem basyp alnan Siriýa Golanynyň kanuny, demografiki we ösüş ýagdaýyny üýtgetjek ähli hereketleriň bes edilmegini isledi.sionist režimiň bu sebitde alyp barýan işleri Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň 1981-nji ýyldaky 497-nji kararyny bozýandyr.
Şeýle hem kararda siriýaly bosgunlaryň öýlerine dolanmagy, basyp alnan Golan we emläkleriniň yzyna gaýtarylmagy nygtalýar.