Hamas hereketiniň Eýrandaky wekili: Palestina halkynyň garşylygy daşdan raketa ýetdi
Palestinanyň Yslam çydam Hereketiniň (Hamas) Eýrandaky wekili: Palestina halkynyň garşylygy daşdan raketa çenli ösdi we indi sionist režimine howpa öwrülendir.
IRNAhabarlar gullugynyň beren habaryna görä; Eýrandaky Hamas hereketiniň wekili "Halid al-Gudumi" şu gün beren gürrüňlerinde Palestina halky, Eýran Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylygyndaky çydam hereketinde dostlarymyz we doganlarymyzyň arasynda strategiki bileleşikler döretmek ýaly giňişleýin garşylyga şaýatlyk edýär diýdi.
Hamas hereketiniň Eýrandaky wekili şeýle-de käbir ýurtlaryň sionistrežim bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak ugrundaky tagallalaryna yşarat edip, Şeýle dönük syýasatlar sebitiň ahlagyny, dinini we medeniýetini görkezmeýär diýip nygtady.
Gudumi, Eýrandaky Natanz ýadro desgasyndaky partlama we sebitdäki käbir alymlaryň öldürilmegi ýaly ähli wakalaryň arkasynda sionistrežimiň bardygyny aýtmak bilen olar şeýle işleri etmek bilen, howpsuzlygy bozmakdan we sebitiň ilatyna öz ykbalyny kesgitlemekde we ähli adamzadyň hukugy bolan ylym we tehnologiýadan mahrum etmekden başga maksatlary ýokdyr diýip beýan etdi.
Hamas hereketiniň Eýrandaky wekili şeýle-de Ymam Homeýniniň (ra) aýdanlaryna salgylanyp "Ysraýyl rak keseli we ýok edilmelidir" palestinalylaryň ganyna giren bu sionist wirusy ýok etmelidir diýdi.
Gudumi şeýle-de Eýran Yslam Respublikasynyň, Hamas we Yslam Jihad hereketi ýaly Palestindäki çydam hereketlerine kömek bermek bilen, Sionist režime garşy elmydama Palestina halkynyň ýanynda durandygyny aýtdy.
Şu gün, 2021-nji ýylyň 7-nji maýy anna güni(1400-nji ýylyň 17-nji Ordibeheşti) 1442-nji ýylyň Remezan aýynyň 24-i, bütindünýä Kuds güni bilen gabat gelýär.