Ysmaýyl Haniýe: Şehitler Kudsyň Palestiniň gyzyl çyzygyny subut etdiler
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i11682-ysmaýyl_haniýe_Şehitler_kudsyň_palestiniň_gyzyl_çyzygyny_subut_etdiler
Palestinanyň Yslam çydam Hereketiniň (Hamas) syýasy gullugynyň başlygy, Kuds söweşinde birnäçe palestinalynyň şehit bolmagyna ünsi çekip Gaza seweşinde Şehit bolanlar Kudsyň we Al-Aqsa metjidiniň bu halkyň we bu ymmatyň ýüz öwürip bilmejek gyzyl çyzygyny subut etdiler diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 21, 2021 17:05 Asia/Ashgabat
  • Ysmaýyl Haniýe: Şehitler Kudsyň Palestiniň gyzyl çyzygyny subut etdiler

Palestinanyň Yslam çydam Hereketiniň (Hamas) syýasy gullugynyň başlygy, Kuds söweşinde birnäçe palestinalynyň şehit bolmagyna ünsi çekip Gaza seweşinde Şehit bolanlar Kudsyň we Al-Aqsa metjidiniň bu halkyň we bu ymmatyň ýüz öwürip bilmejek gyzyl çyzygyny subut etdiler diýdi.

Al-Maýadin tele kanalynyň anna güni beren habaryna görä, Ysmaýyl Haniýe batyr we gahrymançylykly çydamyň uly ylahy we strategiki ýeňiş gazanyp bilendigini aýtdy.

Haniýe şeýle-de biziň üçin gözýetimleri açandygy we bu milletiň taryhynda milletimiz üçin täze tapgyrlary açandygy üçin Hudaýa şükür edýäris diýdi.

Ysraýyl režimi bilen Palestinanyň çydam toparlarynyň arasyndaky söweş 10-njy maýda başlandy we şu gün, 21-nji maýda, iki tarap käbir daşary ýurtly taraplaryň araçylygynda ýaraşyk ylalaşygy barada ylalaşdylar.

Bu söweşiň netijesinde 243 palestinaly, şol sanda 69 çaga, 39 aýal we 17 garry adam  öldürildi we 1910 adam ýaralandy.