Amerikanyň Bagdatdaky harby bazasyna raketa hüjümi
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i11952-amerikanyň_bagdatdaky_harby_bazasyna_raketa_hüjümi
Habar çeşmeleri penşenbe güni irden Bagdadyň halkara howa menziliniň golaýynda Amerikanyň harby bazasyna raketanyň atylandygyny habar berdiler.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 10, 2021 12:20 Asia/Ashgabat
  • Amerikanyň Bagdatdaky harby bazasyna raketa hüjümi

Habar çeşmeleri penşenbe güni irden Bagdadyň halkara howa menziliniň golaýynda Amerikanyň harby bazasyna raketanyň atylandygyny habar berdiler.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä Yragyň howpsuzlyk çeşmeleri, Bagdadyň halkara howa menziliniň golaýyndaky ABŞ harby bazasy bolýan Wiktoriýa harby bazasynyň raketalar bilen nyşana alnandygyny aýtdylar.

Hasabata görä, duýduryş jaňy Wiktoriýa bazasynyň içinde ýaňlandy we bazanyň üstünden uçýan pilotsyz uçar ýok edildi.

Habar çeşmeleri raketa hüjüminden bolup biljek zyýanlar barada habar bermediler.

Bu raketa hüjümi, Yragyň demirgazygyndaky Salah al-Din welaýatynyň Balad howa bazasyndaky ABŞ harby bazasyna birnäçe raketanyň atylmagyndan birnäçe sagat soň boldy.

Yraklylar, parlamentiň kabul eden kararyna görä, daşary ýurt basypalyjy güýçleriniň bu ýurtda bolmaklaryna berk garşy çykýarlar.