Sanaa howa menziliniň dolandyryjysy: Sanaa howa menziliniň gabawynyň netijeleri heläkçiliklidir
Sanaa halkara howa menziliniň müdiri Sanaa halkara howa menziliniň gabawynyň netijeleri barada duýduryş berdi.
Sişenbe güni Ýemeniň paýtagtynda Sanaa halkara howa menziliniň müdiri Halid al-Şerif EýranPress habarlar gullugyna beren interwýusynda 100,000 töweregi Ýemenli hassanyň kesellerini bejermek üçin Ýemenden daşary ýurtlara sapar edip bilmeýändikleri sebäpli ölendigini aýtdy.
Sanaa halkara howa menziliniň müdiri bejerip bolmaýan kesellerden ejir çekýän 500,000 ýemenliniň bejergi üçin Ýemeniň daşyna gitmelidigini aýtdy.
Halid al-Şerif 10,000-den gowrak ýemenli hassanyň bagyr göçürmesine mätäçdigini we 5000-den gowrak ýemenli maýypdygyny, we bejerilmese maýyplygynyň hemişelik boljakdygyny aýtdy.
Ýemen resmisi bir milliondan gowrak ýemenli hassanyň dowamly kesellerini bejermek üçin ýörite dermanlara mätäçdigini aýtmak bilen şeýle-de bolsa, Sanaa howa menzilinden diňe 400,000 derman görnüşi girýär we olary Ýemendäki beýleki geçelgelerden import etmek mümkin däldir diýdi.