Mustafa al-Kazemi: Yragyň saýlawlaryny yza süýşürjek däl
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i13088-mustafa_al_kazemi_yragyň_saýlawlaryny_yza_süýşürjek_däl
Yragyň premýer-ministri, 10-njy oktýabrda geçiriljek parlament saýlawlaryň yza süýşürilmejekdigini aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 23, 2021 12:16 Asia/Ashgabat
  • Mustafa al-Kazemi: Yragyň saýlawlaryny yza süýşürjek däl

Yragyň premýer-ministri, 10-njy oktýabrda geçiriljek parlament saýlawlaryň yza süýşürilmejekdigini aýtdy.

Duşenbe güni Al-Maýadiniň beren habaryna görä; Yragyň premýer-ministri Mustafa al-Kazemi Kuweýtdäki saparynyň çäginde saýlawlaryň wagtynda geçiriljekdigini we onuň yza süýşürilmejekdigini aýtdy.

Yragyň premýer-ministri jemgyýetçilik reformasynyň resminamasynyň ýakyn wagtda Yragyň kesgitli we esasy ýörelgesi hökmünde taýýarlanjakdygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Yrak hökümeti mundan ozal 6-njy iýunda parlament saýlawlarynyň geçiriljekdigini habar beripdi. Şeýle-de bolsa, Yrak resmileri saýlaw möhletini 10-njy oktýabra yza süýşürdi.

Mustafa al-Kazeminiň bu meseläni yglan etmeginden ozal Yrakdaky parlament saýlawlaryny yza süýşürmek mümkinçiligi barada gapma-garşy habarlar gelip gowuşýardy we Yrakly syýasy işgärleriň köpüsi saýlawlary yza süýşürmegiň hiç hili ýagdaýda bolmajakdyklaryny mälim edipdiler.