Eýran bilen Orsýet sebitaşa gudratlaryň gatnaşmazlygynda sebit meselelerini çözmekligi nygtadylar
Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça ýokary derejeli kömekçisi Hoseýin jaberi Ansari bilen Orsýetiň prezidentiniň ortagündogar işleri boýunça ýörite wekili Mihaýyl Bogdanow sebitaşa gudratlaryň gatnaşmazlygynda sebit meselelerini çözmekligi nygtadylar.
Eýranyň tele-radio habarlar gullugynyň beren habaryna görä Eýranyň daşary işler ministrniň Astana gepleşiklere gatnaşyjy wekili Hoseýin jaberi Ansari şu gün Moskwada Mihaýyl Bogdanow bilen geçiren duşuşygynda terrorizme garşy göreşmek ugurdaky tehran-Moskwanyň hyzmatdaşlyklarynyň dowam etdirilmegini zerur hasapladylar.
Oetagnüdogardaky özgerişler Eýran bilen Orsýetiň ýakynrak gepleşikleri geçirmeklerini talap edýär diýip Jaberi Ansari aýtdy.
Orsýetiň prezidentiniň ortagündogar işleri boýunça ýörite wekili Mihaýyl Bogdanow hem bu duşuşykda Ortagndogarda we Afrikanyň demirgazygyndaky özgerişleri Eýran bilen yzarlap bu meseleler hakynda maslahatlaşmagy Moskwa döwleti özüne makul bilýändir diýip yglan etdi.