Yragyň şaýlarynyň syýasy ýolbaşçylarynyň duşuşygy
(last modified Sat, 04 Dec 2021 06:28:10 GMT )
Dec 04, 2021 11:28 Asia/Ashgabat
  • Yragyň şaýlarynyň syýasy ýolbaşçylarynyň duşuşygy

Yragyň şaýlarynyň syýasy ýolbaşçylary, 2-nji dekabrda Al-Fatah koalisiýasynyň başlygy Hadi al-Ameriň öýüne ýygnanyşyp pikir alyşdylar.


Duşuşyga şaýy toparlary, Nouri al-Maleki, Muktada al-Sadr, Haýdar al-Ebadi, Kaýs al-Hazali, Humam al-Hamoudi we Faleh Faýýaz dagylar gatnaşdylar. Başgaça aýdylanda, bu ýygnaga şaýlaryň syýasy ýolbaşçylarynyň iň möhümleri gatnaşdylar.
Yrakda parlament saýlawlary 10-njy oktýabrda geçirildi. Yrakda premýer-ministr şaýy toparlaryndan saýlanýar. Premýer-ministri hödürlemek üçin parlamentiň içinde has uly fraksiýanyň döredilmegi zerurdir. sesleriň 50 göterimini goşmaça bir sesi alyp bilýän  topar premýer-ministri hödürläp biler. 10-njy oktýabrda geçirilen saýlawlaryň netijesi esasynda birnäçe toparyň koalisiýasy bilen Akbar ýa-da uly toparyny döretmek mümkindir.
10-njy oktýabrda geçirilen saýlawlaryň ýene bir netijesi şaýy toparlarynyň arasynda ikitaraplaýyn pikiriň döremegi bolandyr. Muktada al-Sadryň ýolbaşçylygyndaky Sadr topary we Nouri al-Malekiniň ýolbaşçylygyndaky kanunçylygyň koalisiýasy we oňa ýakyn toparlar bu ikitaraplaýyn pikiri döretdi. Şoňa görä-de, Hadi al-Amiriniň öýünde geçirilen ýygnak Yragy syýasy dartgynlykdan aýyrmak we geljekki hökümet gurmakdaky päsgelçilikleri aýyrmak maksady bilen geçirilendir. Oppozisiýa taraplarynyň,şaýy toparlarynyň arasyndaky konflikti uly görkezmeklerine görä ,bu ýygnak we Muktada al-Sadr, Nouri al-Maleki we Kais al-Hazali ýaly şaýy toparlarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagy öňin ädim bolup ,olaryň ýakynlaşmagyna umyt döretdi. Bu, şaýy syýasy toparlarynyň Yrakda 10-njy oktýabrda geçirilen saýlawlardan soň syýasy krizisi çözmek üçin edilen iň çynlakaý ädimidi. Bu duşuşygyň geljekde hem gaýtalanmagyna garaşylýar.
Yragyň şaý  toparlarynyň liderleri 2-nji dekabrda   geçirilen ýygnakda koalisiýa hökümetini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. 
Ýene-de bir möhüm mesele, Yragyň şaý  toparlarynyň syýasy ýolbaşçylarynyň bu ýygnagy, ýurduň içerki dawa-jenjellerinden geçmelidigini we Yragyň howpsuzlygyny we durnuklylygyny goramak olaryň ileri tutýan ugurlaryndandygyny  görkezendir.