Al-Kazemi ABŞ-nyň koalisiýa güýçleriniň Yrakdaky missiýasynyň gutarandygyny habar berdi
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i15016-al_kazemi_abŞ_nyň_koalisiýa_güýçleriniň_yrakdaky_missiýasynyň_gutarandygyny_habar_berdi
Yragyň premýer-ministri ABŞ-nyň Halkara koalisiýa güýçleriniň harby missiýalarynyň we ýurtdan çykarylmagynyň wagtynyň gelendigini habar berdi.
(last modified 2021-12-29T13:56:40+00:00 )
Dec 29, 2021 18:56 Asia/Ashgabat
  • Al-Kazemi ABŞ-nyň koalisiýa güýçleriniň Yrakdaky missiýasynyň gutarandygyny habar berdi

Yragyň premýer-ministri ABŞ-nyň Halkara koalisiýa güýçleriniň harby missiýalarynyň we ýurtdan çykarylmagynyň wagtynyň gelendigini habar berdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Yragyň premýer-ministri Mustafa al-Kazemi çarşenbe güni twitter sahypasynda ABŞ-nyň Halkara koalisiýa güýçleriniň ýurtdaky harby missiýalary gutardy we ähli goşunlary we harby enjamlary Yrakdan çykarylar diýip ýazdy.

Al-Kazemi sözüniň dowamynda strategiki gepleşikleriň netijelerine esaslanyp, koalisiýa güýçleriniň Yrakdaky roly diňe maslahat we goldaw bermek bilen çäklenýär diýdi.

Yragyň premýer-ministri ýurtlara we halkara koalisiýa güýçleriniň serkerdeligine, goňşularyna we DAEŞ-e garşy göreşýän hyzmatdaşlaryna minnetdarlyk bildirdi we bu ýurduň güýçleriniň Yrak halkyny goramaga taýýardygyny aýtdy.

Bagdat bilen Waşington strategiki gepleşiklerden soň 26-njy iýulda ABŞ-nyň ähli söweş goşunlaryny 2021-nji ýylyň ahyryna çenli Yrakdan çykarmak barada ylalaşdylar.