Saud Arabystanyň söweş uçarlary Ýemeniň parlament binasyny bombaladylar
Habar beriş serişdeleri Saud Arabystanyň söweş uçarlarynyň Sanaa şäherindäki Ýemeniň mejlis binasyny bombalandygy habar berildi.
Al-Masira habarlar gullugynyň habaryna görä, sişenbe güni irden Saud Arabystanyň agressiýa koalisiýasynyň söweş uçarlary Ýemeniň parlament binasyny nyşana aldylar. Saud Arabystanyň söweş uçarlary şeýle-de Sanaadaky Ýemeniň harby akademiýasyny hem bombaladylar.
Bu hüjümler Ýemenlileriň BAE-niň Musfah senagat sebitini 20 sany uçarmansyz uçar we 10 sany roketasy bilen nyşana almagy we Abu-Dabä köp zyýan ýetirip başarandan soň boldy.
Ýemeniň Ýaragly Güýçleriniň metbugat sekretary yahýa Sari bu barada şeýle diýdi: Duşenbe güni Abu Dabä garşy geçirilen operasiýada “Gudus 2”, “Zulfiqar” raketalary we “Samad 3” uçarmansyz uçarlary ulanyldy.
Yahýa Sari sözüniň dowamynda: Ýemen tupany atly operasiýa Dubaýyň we Abu-Dabiniň howa menzillerini we Abu-Dabiniň Al-Masfa şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawod we BAE-de başga-da birnäçe möhüm we duýgur saýtlar we desgalar nyşana alyndy diýip yglan etdi.
Ýemeniň söweşijileriniň BAE-nyň harby agressiýasyna beren jogabyna Waşington gaharlandy. ABŞ-nyň hökümetiniň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Jeýk Sulliwan, Ýemeniň goragsyz halkyna garşy BAE-niň agressiýasyny goldamak bilen Waşingtonyň BAE-niň howpsyzlygyny üpjün etmek meselesinde ygrarlydygyny ýene bir gezek gaýtalady.
şol bir wagtda BMG-nyň Baş sekretary duşenbe güni Ýemendäki konfliktine harby çözgüt tapylmajakdygyny aýtmak bilen ähli taraplary BMG-nyň Ýenemen işeri boýunça ýörite wekili Grandberg bilen konstruktiw we şertsiz arkalaşmaga çagyrdy.