Bagdatda Eýran-Yrak-Russiýa-Siriýa koalisiýasynyň terrorçylyga garşy ýygnagy
Terrorçylyga garşy maglumat alyş-çalyş merkeziniň dört taraplaýyn ýygnagy Bagdatda Eýranyň, Yragyň, Russiýanyň we Siriýanyň ilçileriniň gatnaşmagynda geçirildi.
Eýran-Yrak-Russiýa-Siriýa dörtlük maglumat alyş-çalşygy we howpsuzlyk hyzmatdaşlygy merkezi, Eýranyň, Siriýanyň we Russiýanyň harby bölümleriniň agzalygy bilen terrorçylyga garşy göreşmek üçin maglumat alyşmak maksady bilen 2015-nji ýylda Bagdatda döredildi.
Al-Alamyň anna güni beren habaryna görä, Yragyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Kasym al-Araji düýn (penşenbe) Yragyň paýtagty Bagdatda Russiýanyň, Siriýanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň ilçileri bilen duşuşyp, sebitdäki wakalary, şol sanda Yrak-Siriýa serhedini ara alyp maslahatlaşdy.
Al-Araji, dörtlük maglumat alyş-çalyş merkeziniň işini dowam etdirmegiň we mundan beýläk-de goldamagyň möhümdigini aýtmak bilen bu merkez, kyn we duýgur ýagdaýlarda bu merkeze gatnaşan ýurtlaryň arasyndaky ýakyn gatnaşyklary güýçlendirip biler we Yrak kyn günlerde onuň ýanynda duranlara hormat goýar diýdi.
Yragyň milli howpsuzlyk geňeşçisi şeýle-de terrorçylyk hereketlerine gözegçilik etmekde we yzarlamakda goldaw beren Yragyň dost we dogan ýurtlaryna minnetdarlyk bildirip bu ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk we bilelikdäki hereket etmek terrorçylyga we onuň ýolbaşçylaryna güýçli we öňüni alyş zarbalaryna sebäp bolandyr diýdi.
Yrak, Eýran, Siriýa we Russiýa maglumat alyş-çalyş we howpsuzlyk hyzmatdaşlygy merkezi bu ýurtlaryň wekilleri bilen soňky koordinasiýa we maglumat alyş-çalşyny gözden geçirmek üçin birnäçe duşuşyk geçirdi.