Başar al-Assadyň Birleşen Arap Emirliklerine sapary
Siriýanyň resmi SANA habar gullugy anna güni agşam Prezident Başar al-Assadyň Birleşen Arap Emirliklerine sapar edendigini habar berdi.
Soňky ýyllarda Birleşen Arap Emirlikleri Siriýa bilen gatnaşyklary dikeltmäge synanyşdy.
BAE ilkibaşda Siriýa krizisinde Siriýanyň režimine garşy hereket etdi, emma 2018-nji ýylyň dekabrynda Siriýanyň hökümeti terrorçy toparlara garşy göreşde üstünlik gazanany soň, BAE Damaskdaky ilçihanasyny açdy.
Sana habarlar gullugynyň beren habaryna görä, Başar al-Assad BAE-de sapary wagtynda Dubaýda bu ýurduň premýer-ministr Şeýh Muhammet bin Raşed Al Mahtum bilen duşuşdy.
Duşuşykda Şeýh Muhammet bin Raşed Al Makhum Başar al-Assadyň we onuň ýanyndaky wekiliýetiň iki ýurduň arasyndaky doganlyk gatnaşyklary üçin Birleşen Arap Emirliklerine eden saparyny garşy alyp Siriýanyň hemme ýerinde howpsuzlyk we parahatçylygyň döredilmegine umyt bildirdi.
Duşuşykda iki tarap ikitaraplaýyn gatnaşyklary we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň gözýetimlerini, esasanam ykdysady, maýa goýum we söwda pudaklaryny ara alyp maslahatlaşdy.
Bu aralykda, BAE-nyň resmi habar gullugy Başar al-Assadyň mirasdar şazada Muhammet bin Zaýed Al Nahýan bilen duşuşandygyny habar berdi.
Siriýanyň prezidentiniň Birleşen Arap Emirliklerine eden sapary, BAE-nyň Daşary işler ministri Abdullah bin Zaýed Al Nahýanyň Siriýanyň paýtagty Damaska eden saparyndan birnäçe aý soň boldy.
BAE-nyň şazadasynyň adyndan Abdullah bin Zaýed Al Nahyan Başar al-Assady ýurduna gelmäge çagyrdy.
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Siriýanyň prezidentiniň Birleşen Arap Emirliklerine eden saparyna reaksiýa bildirdi.
Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň BAE-ä eden saparyna jogap edip Başar al-Assady kanunlaşdyrmak baradaky tagallalara gynanýarys diýdi.