Ikinji palestinaly zenan žurnalistiň şehit bolmagy ýazgaryldy
Basylyp alnan Palestindäki dürli toparlar Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky Al-Halil şäheriniň demirgazygynda Sionist režiminiň goşun esgerleri tarapyndan ikinji palestinaly žurnalist gyzynyň şehit bolmagyny ýazgardylar.
31 ýaşly palestinaly aýal Ghofran Warasneh şu gün irden Al-Halil şäheriniň demirgazygyndaky Al-Arup düşelgesiniň girelgesinde Sionist režiminiň goşun esgerleri tarapyndan atylyp şehit edildi. Bu,soňky 20 günde sionistler tarapyndan şehit bolan ikinji žurnalist we metbugat aktiwistidir.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä; Sionist režimiň bu hereketinden soň Yslam Jyhad hereketi öz beýanynda: Basyp alyjy sionist režim terrorçylygyny we guramaçylykly jenaýatyny dowam etdirýär we palestinalylaryň gany ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda dökülýär diýdi.
Hamas hereketi hem şu gün irden Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky sionistleriň wagşylygyna salgylanyp, bir ýaş palestinaly gyzyň sionistler tarapyndan şehit bolmagy söweş jenaýatydyr diýip yglan etdi.
Hamas hereketi, basyp alyjy Sionist söweşijiler tarapyndan atylan erkin palestinaly tussag "Ghofran Warasnehiň şehit bolmagy", Palestinalylaryň gozgalaňyny mümkin boldugyça tutaşdyrjak doly söweş jenaýatydygyny aýtdy.
Hamas hereketi şeýle-de Sionist duşman, Palestina halkyna garşy eden jenaýatlarynyň jogabyny alar diýdi.
Palestina garşylyk komitetleri, Palestina Mujahidler Hereketi we Palestini azat etmek üçin demokratik fronty hem Sionist režimiň baş goşan bu jenaýatyny ýazgaryp ony söweş jenaýaty hasapladylar.
11-nji maýda halkara ýazgaryş tolkunyny döreden başga bir jenaýat işinde Sionist režimiň esgerleri Kataryň Al-Jazeera habarçysy Şirin Abu Akelany Günbatar Şeriýadaky Jenin bosgun düşelgesinde sionistleriň hüjümi barada habar taýýarlap duran wagty şehit etdiler.