Baýdeniň sebite sapary palestina halkynyň hukuklarynyň bozulmagydyr
Palestini azat etmek üçin halk fronty ABŞ-nyň prezidentiniň sebite eden saparyny, sionist režimiň Palestina halkyna has köp basyş etmek maksadyna laýyk getirdi.
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden çarşenbe güni (13-nji iýul) basyp alnan ýerlere bardy, soňra Saud Arabystanyna gitmeli.
"Mehr" habar gullugynyň Palestina metbugatyna salgylanyp, Palestini azat etmek üçin Halk frontunyň syýasy edarasy çarşenbe güni çykaran beýannamasynda ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň sebite edýän sapary, Palestina halkynyň öz topraklarynda barlygyna we arap milletiniň geljegine garşy alnyp barylýan we barha artýan hüjüme laýyklykda amala aşyrylýar diýip yglan etdi.
Baýdeniň sebite edýän saparynyň ýene bir maksady sebitdäki halklara we çydam hereketlerine we Palestina halkynyň hukuklaryna garşy koalisiýa döretmekdir diýip ýaňky beýannamanyň dowamynda getirlendir.