Hamasyň metbugat sekretary: Jo Baýden sebit saparynyň başynda özüni ryswa etdi
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i17818-hamasyň_metbugat_sekretary_jo_baýden_sebit_saparynyň_başynda_özüni_ryswa_etdi
Palestinanyň Yslam çydam hereketiniň (Hamas) metbugat sekretary ABŞ-nyň prezidenti "Jo Baýdeniň" basyp alnan ýerlere saparynyň başynda sionistdigini yglan etmek bilen özüni ryswa edendigini aýtdy.
(last modified 2022-07-14T01:20:50+00:00 )
Jul 14, 2022 06:20 Asia/Ashgabat
  • Hamasyň metbugat sekretary: Jo Baýden sebit saparynyň başynda özüni ryswa etdi

Palestinanyň Yslam çydam hereketiniň (Hamas) metbugat sekretary ABŞ-nyň prezidenti "Jo Baýdeniň" basyp alnan ýerlere saparynyň başynda sionistdigini yglan etmek bilen özüni ryswa edendigini aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 13-nji iýul, çarşenbe güni (22-nji iýul) Günbatar Aziýa saparyny başlap, basyp alnan ýerlere bardy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Baýden Tel Awiw şäherine geleninden soň, Palestina Yslam çydam Hereketiniň (Hamas) metbugat sekretary Hazem Gasem twitde: "Baýden özüniň sionistdigini aýdyp, sionist režimiň bähbidini goldaýandygyny mälim etdi diýip ýazdy.

Bu hereket, käbir taraplaryň Amerikanyň Sionist režiminiň gatnaşmagynda koalisiýa döretmek tagallalaryna ýoldaş bolmak üçin eden jenaýatlarynyň mukdaryny we derejesini görkezýär diýip Gasem sözüne goşdy.