Eýranyň ilçisi Siriýanyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
Eýranyň Siriýadaky ilçisi bu ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy we özara gyzyklanýan meseleler barada pikir alyşdy.
IRNA-nyň Eýranyň Damaskdaky ilçihanasyna salgylanyp beren habaryna görä, Eýranyň Siriýadaky ilçisi Mehdi Sobhani ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary Aýman Sosan bilen duşuşdy we sebitdäki soňky wakalar we ikitaraplaýyn we halkara hyzmatdaşlygy barada pikir alyşdy.
Eýran Yslam Respublikasy Siriýa bilen strategiki hyzmatdaşlyga eýedir we Siriýanyň krizisinde Tähranyň bu ýurduň kanuny hökümetine goldaw bermegi we dürli terrorçy toparlara garşy göreşde Assadyň hökümetine kömek etmegi munuň subutnamasydyr.
DAEŞ ýeňilenden soň, Siriýa bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklar indi giňeldi we düregeýleşdi we gatnaşyklaryň ähli ugurlarda ösmegi üçin aýdyň perspektiwalar bar.