Eýran Yslam Rewolýusiýasy, Ýemen halkynyň garşylygynyň çeşmesi
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i20466-eýran_yslam_rewolýusiýasy_Ýemen_halkynyň_garşylygynyň_çeşmesi
Ýemeniň milli halas ediş döwletiniň geňeşçisi hakykatyň, Eýranyň Yslam Rewolýusiýasynyň ähli musulman ýurtlaryny Amerikanyň gözegçiliginden azat etmek we yslam we arap ýurtlarynyň ykbalyndan we baýlyklaryndan Amerikalylaryň elini kesmek isleýändigini aýtdy.
(last modified 2023-02-06T06:08:32+00:00 )
Feb 06, 2023 11:08 Asia/Ashgabat

Ýemeniň milli halas ediş döwletiniň geňeşçisi hakykatyň, Eýranyň Yslam Rewolýusiýasynyň ähli musulman ýurtlaryny Amerikanyň gözegçiliginden azat etmek we yslam we arap ýurtlarynyň ykbalyndan we baýlyklaryndan Amerikalylaryň elini kesmek isleýändigini aýtdy.

"Ahmad Al-Aliy", Eýranyň Yslam Rewolýusiýasynyň täsiri barada Sanada Eýran Press gullugynyň habarçysyna beren interwýusynda Yslam rewolýusiýasynyň halklaryň erkinlik, durnuklylyk we buýsanç ruhuny şübhesiz oýanandygyny aýtmak bilen häzirki wagtda Ýemen, lideri Eýran bolan garşylygyň ok ýurtlarynyň birine öwrüldi diýdi.

Ýemeniň milli halas ediş döwletiniň geňeşçisi şeýle-de Ýemen halkynyň Amerikan-Sionist-Iňlis hüjümlerine garşy durandyklaryny we garşylygyň we gurban bermegiň hakyky manysyny hemmelere görkezendigini aýtdy.

"Ahmad Al-Aliy" Ýemen halkynyň özlerine erkinlik gözleýändiklerini we syýasy garaşsyzlyk isleýändiklerini subut edendiklerini we ýurdy Ýemeniň Yslam taryhyna hormat, yhlas, dostluk we deňlik bilen gurmak isleýändigini aýtdy.

Ýemeniň milli halas ediş döwletiniň geňeşçisi şeýle-de Ýemenlileriň söweş oduny ölçerýanlaryň talaplaryna boýun egmejekdigine yşarat edip Ýemen halkynyň sebitdäki ähli amerikan-sionist meýilnamalaryna garşy durýan Eýran halky ýaly durjakdygyny aýtdy.

"Ahmed Al-Aliyi", Eýranyň musulman halklaryny, esasanam Palestina halkyny goldamak ugrundaky tagallalarynyň haýran galdyryjydygyny aýtmak bilen Palestina meselesi, beýik Mujahid Ymam Homeýniniň (RA) ýolbaşçylygynda Yslam Rewolýusiýasy döräli bäri gün tertibinde durandyr diýdi.