Sionist režimiň başlygy: Ysraýylyň ýagdaýy gaty erbetdir
Sionist režimiň başlygy içerki dawa-jenjelleriň möwjemegi sebäpli bu režimiň dargamagy barada ýene bir gezek duýduryş berdi.
"Benýamin Netanýahunyň" ýolbaşçylygyndaky aşa sagçy koalisiýa häkimiýete geleli bäri hereketleri we kararlary kabul etmegi, oppozisiýa fraksiýasynyň we sionist režimiň başlygy Isak Herzogyň pikiriçe, bu režimiň içerki krizisini güýçlendirer we hatda raýat urşyna sebäp bolar.
Sişenbe güni "Al Jazeera" habar kanalynyň habaryna görä, soňky günlerde bu režimdäki krizis barada sözlerini gaýtalan sionist režimiň başlygy "Isak Herzog" ýene bir gezek Ysraýylda kazyýet reformalar bilen baglanyşykly dowam edýän jedeller biziň üçin howplydyr diýdi.
Herzog sözüniň dowamynda bu agzalalyklar Ysraýyl üçin howply diplomatik, ykdysady, sosial we howpsuzlyk netijelerine sebäp bolup biler diýdi.
Sionist režimiň başlygy şeýle-de Ysraýylyň gaty erbet ýagdaýdadygyny we içerki dawa-jenjelleriň bizi bölek-bölek etjekdigini boýun aldy.
Sionist režimiň öňki premýer-ministri we oppozisiýa lideri Ýair Lapid hem duşenbe güni Netanýahunyň kabinetini tankyt etmegini dowam etdirdi we Netanýahunyň ykdysadyýete gözegçiligini ýitirendigini, Şekeliň (Sionist režimiň walýutasy) çökýändigini, ýaşaýyş gymmaty ýokarlanýandygyny we maýalaryň Ysraýyldan gaçýandygyny aýtdy.
Lapid şeýle-de, daşary syýasat jedellerinde Amerikanyň Ysraýyla kömek bermekden ýüz öwürýändigini we Saud Arabystanynyň Eýran bilen şertnama baglaşandygyny we bu Ysraýyl üçin gaty howplydygyny aýtdy.