Başar Assadyň Ärdogan bilen duşuşmagy üçin şertleri
Siriýanyň prezidenti, Türkiýäniň bu ýurduň çäginden çykmagy we terrorçylyga goldawyň bes edilmegi, Türkiýäniň prezidenti bilen duşuşmak üçin şertlerdigini aýtdy.
Terrorçylar bilen söweşmek bahanasy bilen türk goşuny üç ýyl töweregi wagt bäri Siriýanyň demirgazyk we demirgazyk-gündogar bölegini basyp alýar we bu sebitlerde bir topar türk esgeri bar.
Damask, Siriýanyň demirgazyk sebitlerinde türk güýçleriniň bardygyny "bu ýurduň bitewiligini we milli özygtyýarlylygyny bozmak we basyp alyş hereketi" diýip hasaplaýar we türk goşunynyň bu sebitlerden haýal etmän çykarylmagyny talap edýär.
"Sputnik" habar gullugyna beren interwýusynda Siriýanyň prezidenti Başar Assad Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen geljekde boljak duşuşygy barada şeýle diýdi: Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşygyň mowzugy, Türkiýäniň Siriýanyň çäginden doly çykmaga we terrorçylygy goldamagy bes etmäge we Siriýada söweş başlamazdan ozal ýagdaýy dikeltmäge taýyn bir derejä ýetmegine baglydyr.
Başar Assad şeýle-de, bu şertler ýerine ýetirilmese, şunuň ýaly duşuşyk geçirmegiň peýdasy näme we näme üçin edilmelidigini aýtdy.