Yrak territoriýasyndan goňşy ýurda ediljek islendik hüjüme Sudaniň garşy cykmagy
Yragyň premýer-ministri Muhammet Al-Şia al-Sudani ýekşenbe güni agşam eden cykyşynda Yragyň çäginden islendik goňşy ýurda edilýän hüjümlere garşydygyny yglan etdi.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Al-Sudani Kataryň "Al Jazeera" kanaly bilen geçirilen aýratyn söhbetdeşlikde şu gün Eýran bilen gol çeken şertnamamyz umumy serhedi saklamak we gözlenýänleri tabşyrmak esasynda bolandyr diýdi.
Yragyň premýer-ministri sözüniň dowamynda şu gün Eýran bilen gol çeken şertnamamyz umumy serhetdäki ýagdaýy durnuklaşdyrmakda möhüm faktor bolar diýip umyt edýäris diýdi.
Eýran bilen Yragyň arasyndaky bilelikdäki howpsuzlyk hyzmatdaşlygy baradaky şertnama ýekşenbe güni Yragyň premýer-ministri Muhammet Şia Al-Sudani, Eýran Yslam Respublikasynyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Ali Şamhani we Yragyň Milli howpsuzlyk geňeşçisi Gasym al-Aarjiň gatnaşmagynda gol çekildi.