Yslam Jihad hereketi, Bakuwyň Tel Awiwdäki ilçihanasynyň açylmagyny ýazgardy
Palestinany[ Yslam Jihad hereketi Tel Awiwde Azerbaýjan Respublikasynyň ilçihanasynyň açylmagyny ýazgaryp, sionist režimiň premýer-ministri Benýamin Netanýahuny we ekstremist kabinetini bu režimiň içerki krizislerinden halas etmek ugurda gurulandygy bildi.
Sionist režimiň merkezi bolan Tel Awiw şäherindäki Azerbaýjan Respublikasynyň ilçihanasy çarşenbe güni bu ýurduň daşary işler ministriniň basyp alnan ýerlere sapary wagtynda resmi taýdan açyldy.
Palestinanyň "Maa" habar gullugynyň penşenbe güni beren habaryna görä, Palestinanyň Yslam Jihad hereketiniň liderlerinden biri "Halid al-Bataş" Azerbaýjan Respublikasynyň Tel Awiwde ilçihanasynyň açylmagyna reaksiýa bildirip, Sionist režimiň içerki krizisler sebäpli ýagdaýy gowy däl we ol ýerde ilçihananyň açylmagy Netanýahu we onuň ekstremist kabineti üçin durmuş ýoluny aňladýar diýdi.
Al-Bataş Tel Awiw bilen gatnaşyklaryň kadalaşmagyny Palestina halkynyň ýokary maksatlarynyň arkasyndan zäherli hanjar urmak hasaplamak bilen, Sionist režim bilen ylalaşýan Azerbaýjanyň we beýleki yslam we arap ýurtlarynyň palestinalylaryň ýanynda durmagy we Sionist basyp alyjylara garşy olara kömek etmegi ýerliklidir diýdi.
Halid al-Bataş Yslam jihad hereketiniň arap ýa-da yslam döwleti bilen basyp alyjylaryň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagyny ýazgarýandygyny aýtmak bilen sionist režimiň ýok boljakdygyny aýtdy.