Sionistler Al-Aqsa metjidine ýene hüjüm etdiler
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i21226-sionistler_al_aqsa_metjidine_ýene_hüjüm_etdiler
Şu gün (anna) sionist esgerler we göçüp gelen ýewreýler ýene-de Al-Aqsa metjidine hüjüm etdiler.
(last modified 2023-04-07T06:32:19+00:00 )
Apr 07, 2023 11:32 Asia/Ashgabat
  • Sionistler Al-Aqsa metjidine ýene hüjüm etdiler

Şu gün (anna) sionist esgerler we göçüp gelen ýewreýler ýene-de Al-Aqsa metjidine hüjüm etdiler.

Soňky günlerde sionist güýçler Al-Aqsa metjidine we palestinaly ybadat edýänlere garşy hüjümlerini artdyrdy.

Palestinanyň "Wafa" habar gullugynyň habaryna görä, sionist režimiň esgerleri yzly-yzyna üçünji gün Al-Aqsa metjidine hüjüm etdiler we palestinalylary ýençdiler.

Sionist režimiň polisiýasy Al-Aqsa metjidiniň gapylaryndan biri bolan "Bab Hatta" -da Al-Aqsa metjidine girjek bolýan palestinaly ybadatçylary ýençdi.

Palestina ybadat edýänler hem Al-Aqsa metjidinde ertir namazyndan soň şygarlar aýdyp, sionist režimiň çozuşyna garşy palestinaly garşylyk toparlaryny goldadylar.

Bu bir ýagdaýdadyr welin Ýewreý dilindäki çeşmeler goşun serkerdeleri bilen bu režimiň premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň ministrleriniň arasynda güýçli agzalalyklaryň bardygyny habar berdiler.