Hamas: Çydam toplumy barha ösýär
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i22878-hamas_Çydam_toplumy_barha_ösýär
Palestina Yslam çydam Hereketiniň (Hamas) liderlerinden biri, Sionist we Amerikanyň meýilnamalaryna we dildüwşüklerine garşy garşylygyň Günbatar Aziýa sebitinde dowam edýändigini aýtdy.
(last modified 2023-08-15T04:50:26+00:00 )
Aug 15, 2023 09:50 Asia/Ashgabat
  • Hamas: Çydam toplumy barha ösýär

Palestina Yslam çydam Hereketiniň (Hamas) liderlerinden biri, Sionist we Amerikanyň meýilnamalaryna we dildüwşüklerine garşy garşylygyň Günbatar Aziýa sebitinde dowam edýändigini aýtdy.

Liwanyň Hizbullahynyň Ysraýyla garşy 33 günlük söweşde ýeňiş gazanmagynyň ýyl dönüminde we Yslam garşylyk güni mynasybetli "Ysmaýyl Rizwan" Gazadaky Eýranpress habarçysyna beren interwýusynda Çydam toplumy ösüş etabynda we Hizbullah Liwanyň günortasyndan Ysraýyl esgerlerini çykarmak bilen basybalyjylara agyr zarba urdy diýdi.

Hamas hereketiniň bu lideri, Hizbullahyň Liwanda 33 günlük söweşde ýeňiş gazanmagynyň ýyl dönümini gutlap, çydam oky Liwanda, Siriýada we Palestindäki mümkinçilikleri utgaşdyrmak we artdyrmak arkaly basybalyjylary güýçli şarpygy urandyr diýdi.

Ysmaýyl Rizwan şeýle-de Palestina topragy azat edilýänçä we Biýt Al-Mukaddes we Al-Aqsa metjidiniň goragyna çenli çydam ýolunyň dowam etjekdigini aýtdy.