Nasrollah: Amerika DAEŞ-y yzyna getirmegiň yzyndadyr
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i22880-nasrollah_amerika_daeŞ_y_yzyna_getirmegiň_yzyndadyr
Liwandaky Hizbullanyň baş sekretary Seýid Hasan Nasrollah Pakistanda, Siriýada we Şirazda bolup geçen terrorçylykly wakalara gynanç bildirmek bilen Amerikanyň sebitde DAEŞ terror toparyny janlandyrmagyň yzyndadyr diýdi.
(last modified 2023-08-15T05:32:09+00:00 )
Aug 15, 2023 10:32 Asia/Ashgabat
  • Nasrollah: Amerika DAEŞ-y yzyna getirmegiň yzyndadyr

Liwandaky Hizbullanyň baş sekretary Seýid Hasan Nasrollah Pakistanda, Siriýada we Şirazda bolup geçen terrorçylykly wakalara gynanç bildirmek bilen Amerikanyň sebitde DAEŞ terror toparyny janlandyrmagyň yzyndadyr diýdi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä; Liwanyň Hizbullahynyň Baş sekretary, 2006-njy ýyldaky söweşde sionist režime garşy garşylygyň ýeňşiniň 17 ýyllygy mynasybetli çykyş etdi.

Seýid Hasan Nasrollah 2006-njy ýylda we şeýle bir günlerde Liwanyň dürli sebitleriniň ýaşaýjylarynyň sionist howplaryna üns bermän öýlerine dolandyklaryna yşarat edip bu batyrgaý gaýdyp gelmegi milletimiziň durnuklylygyny we bu topraga ygrarlydygyny we garşylyk görnüşini görkezýär diýdi.

Hizbullanyň Baş sekretary bu söweşde Hudaýyň wadalarynyň ýerine ýetirilişini öz gözlerimiz bilen görendigimize salgylanyp her bir pursatda bu epiki we gudraty öretmekde rol oýnanlaryň hemmesine şol sanda adamlar, söweşijiler, harby guramalar, şehitler, Eýran, Siriýa we garşylygy goldaýan ähli ýurtlara öz minnetdarlygymy bildirmelidirin diýdi.

Ol şeýle-de howpsuzlyk deňlemesini döretmekde we duşmanyň garşylygyň güýçliligine düşünmekde bu urşuň netijelerine ünsi çekip, geçen ýyl deňiz serhetlerini kesgitlemek meselesinde bolup geçen wakalar hem bu söweşiň netijelerinden biridir diýdi.

Nasrollah şeýle-de häzirki wagtda duşmanyň syýasat, harby, adamlar we ruh taýdan 2006-njy ýyldakydan has ejizdigini we garşylyk okunyň şol döwürden has güýçlenendigini aýtdy.

33 günlük söweş diýlip atlandyrylýan Sionist režim bilen Liwanyň arasyndaky söweş, 2006-njy ýylda Sionist goşun bilen Liwan Hizbullahynyň arasynda 33 ýa-da 34 gün dowam eden söweşdir onuň çägine basyp alnan ýerleriň demirgazygy we Liwanyň hemmesi girýärdi.

33 gün dowam eden uruş özboluşly we dürli ölçeglerden uly we üýtgeşik ähmiýete eýe bolan söweşdir sebäbi bu söweşde Sionist režimi ýeňilendir.