Bütindünýä metjid güni; Yslam dünýäsiniň Al-Aqsa metjidine goldaw bermegiň zerurlygy
Al-Aqsa metjidiniň ymamy: Musulmanlaryň ilkinji kyblasy 1969-njy ýyldan bäri dürli usullar bilen oda ýanmagynyň dowam edýändigini aýtdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň teklibi we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ylalaşygy boýunça 1969-njy ýylyň 21-nji awgustynda Al-Aqsa metjidiniň ýakylmagynyň ýyl dönümi Bütindünýä metjid güni diýlip atlandyryldy.
Al-Aqsa metjidiniň ýakylmagynyň ýyl dönümi mynasybetli Al-Şeýh "Ikrama Sabri", Kudsda Eýranpress habarçysy bilen geçirilen aýratyn söhbetdeşlikde arap we yslam dünýäsine ýüzlenip, Al-Aqsa metjidini goldamagyň zerurdygyny aýtdy.
Al-Aqsa metjidiniň ymamy şeýle-de Al-Aqsa metjidindäki ýanyp duran ot henizem sionistleriň Al-Aqsa metjidine edýän hüjümi, gazmak we palestinaly ýaşlary bu metjitden kowmak görnüşinde dowam edýär diýdi.
Al-Aqsa metjidiniň musulmanlaryň ilkinji kyblasydygyny aýdýan Al-Şeýh Ikrama Sabri şeýle-de Al-Aqsa metjidi diňe bir Palestina halky üçin däl, eýsem dünýäniň äähli musulmanlary üçindir diýdi.
Al-Aqsa metjidiniň ymamy musulmanlaryň ilkinji Kyblasyny goramak jogapkärçiliginiň umumy yslam jogapkärdigini aýtdy we arap we yslam hökümetlerinden Al-Aqsa metjidini goldamagy we goramagyny isledi.