Bütindünýä metjid güni; Yslam dünýäsiniň Al-Aqsa metjidine goldaw bermegiň zerurlygy
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i22952-bütindünýä_metjid_güni_yslam_dünýäsiniň_al_aqsa_metjidine_goldaw_bermegiň_zerurlygy
Al-Aqsa metjidiniň ymamy: Musulmanlaryň ilkinji kyblasy 1969-njy ýyldan bäri dürli usullar bilen oda ýanmagynyň dowam edýändigini aýtdy.
(last modified 2023-08-21T04:30:19+00:00 )
Aug 21, 2023 09:30 Asia/Ashgabat

Al-Aqsa metjidiniň ymamy: Musulmanlaryň ilkinji kyblasy 1969-njy ýyldan bäri dürli usullar bilen oda ýanmagynyň dowam edýändigini aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň teklibi we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ylalaşygy boýunça 1969-njy ýylyň 21-nji awgustynda Al-Aqsa metjidiniň ýakylmagynyň ýyl dönümi Bütindünýä metjid güni diýlip atlandyryldy.

Al-Aqsa metjidiniň ýakylmagynyň ýyl dönümi mynasybetli Al-Şeýh "Ikrama Sabri", Kudsda  Eýranpress habarçysy bilen geçirilen aýratyn söhbetdeşlikde arap we yslam dünýäsine ýüzlenip, Al-Aqsa metjidini goldamagyň zerurdygyny aýtdy.

Al-Aqsa metjidiniň ymamy şeýle-de Al-Aqsa metjidindäki ýanyp duran ot henizem sionistleriň Al-Aqsa metjidine edýän hüjümi, gazmak we palestinaly ýaşlary bu metjitden kowmak görnüşinde dowam edýär diýdi.

Al-Aqsa metjidiniň musulmanlaryň ilkinji kyblasydygyny aýdýan Al-Şeýh Ikrama Sabri şeýle-de Al-Aqsa metjidi diňe bir Palestina halky üçin däl, eýsem dünýäniň äähli musulmanlary üçindir diýdi.

Al-Aqsa metjidiniň ymamy musulmanlaryň ilkinji Kyblasyny goramak jogapkärçiliginiň umumy yslam jogapkärdigini aýtdy we arap we yslam hökümetlerinden Al-Aqsa metjidini goldamagy we goramagyny isledi.