Sionistler tarapyndan Gazanyň dürli merkezleriniň bombalanmagynyň dowamy
(last modified Wed, 08 Nov 2023 14:15:46 GMT )
Nov 08, 2023 19:15 Asia/Ashgabat
  • Sionistler tarapyndan Gazanyň dürli merkezleriniň bombalanmagynyň dowamy

Sionist režimi Gaza zolagyndaky ýaşaýyş merkezlerini, hassahanalary we lukmançylyk merkezlerini bombalamalaryny dowam etýar.

Palestinanyň "Sama" habar gullugynyň habaryna görä, Gazadaky söweşden otuz üç gün geçýän mahaly sionist režimiň bomba atyjy uçarlary şu gün (çarşenbe) hem Gazadaky Al-Şifa we Indoneziýa keselhanalaryna golaý ýerleri bombaladylar.

Gazadaky Indoneziýa keselhanasynyň müdiri "Atef al-Kalhot" Sionist bombaçylar tarapyndan hassahanalara ýakyn ýerleri bombalamak dowam edýär we Gazadaky Al-Şifa we Indoneziýa hassahanalarynyň elektrik energiýasy ýangyjyň tükenmegi sebäpli ýakyn birnäçe sagatda kesiler diýdi.

Bu habara görä, Han Ýunisdäki sionistler tarapyndan bir ýaşaýyş jaýynyň bombalanmagy netijesinde 17 palestina raýaty şehit boldy, 30 adam ýaralandy.

Gaza zolagynyň merkezindäki Nusirat düşelgesindäki bir ýaşaýyş jaýynyň bombalanmagy netijesinde şu gün köp palestinaly şehit boldy ýa-da ýaralandy, gözleg işleri we galan jesetleri harabalygyň aşagyndan çykarmak dowam edýär.

Sionist režimiň uçarlary Jabaliýa düşelgesindäki 9 ýaşaýyş jaýyny bombaladylar, şol ýerden 9 şehitiň jesedi harabalykdan çykaryldy.

Sionist režimi tarapyndan Gazanyň yzygiderli bombalanmagy Gazanyň saglyk edaralarynyň bu sebitiň demirgazygyndaky hassahanalarda derman, azyk we ýangyç ýetmezçiliginiň bardygyny habar bermegine sebäp bolandyr.

Günbataryň, özüni goramak bahanasy bilen sionist režimiň jenaýatçylykly hereketlerini goldamagy bu režime çagalaryň, aýallaryň we beýleki Palestina raýatlarynyň rehimsizlik bilen öldürilmegini dowam etdirmek üçin iş ýüzünde ygtyýarnama berilmegi hökümindedir.