Yslam we Arap ýurtlarynyň ýolbaşçylary Gazadaky söweşiň derrew bes edilmegini nygtadylar
(last modified Sat, 11 Nov 2023 14:17:47 GMT )
Nov 11, 2023 19:17 Asia/Ashgabat
  • Yslam we Arap ýurtlarynyň ýolbaşçylary Gazadaky söweşiň derrew bes edilmegini nygtadylar

Yslam we Arap ýurtlarynyň baştutanlary Gaza barada geçirilen ýygnakda Sionist režimiň Gaza garşy hüjümleriniň haýal etmän bes edilmegini nygtadylar.

Eýran Press habar gullugynyň habaryna görä; Şu gün (şenbe) Saud Arabystanynyň paýtagty Riýad Yslam we Arap ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň bilelikde Gazadaky we Palestindäki ýagdaýy gözden geçirmek üçin adatdan daşary ýygnagyny geçirdiler.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi şu gün Al-Aqsa metjidini goramak üçin taryhy gündigini aýtdy we Gazadaky söweşiň ýagşy bilen ýamanyň arasyndaky söweşdigini aýtmak bilen şu gün her kim haýsy tarapa durýandygyny kesgitlemelidir diýdi.

Raisi şeýle-de Gaza söweşiniň gutarmagy barada teklipleri bermek bilen, ABŞ-nyň söweşe gönüden-göni girendigini we sionist režimiň arkasynda durýandygyny we bu režimi özüni goramak bahanasy bilen palestinalylara garşy jenaýat etmäge şowklandyrýandygyny aýtdy.

Ýygnagyň başynda Saud Arabystanyň şazadasy şazada Muhammet bin Salman palestina halkyna garşy söweşiň dowam etmegini ýazgardy we harby operasiýalary derrew bes etmegiň we Gazada gumanitar koridorlary döretmegiň zerurdygyny aýtdy.

Saud Arabystanyň şazadasy halkara jemgyýetçiliginiň Gaza bolan goşa hereketini tankytlady we Gaza söweşiniň dowam etmegini Howpsuzlyk Geňeşiniň şowsuzlygy hökmünde häsiýetlendirdi.

Arap Bileleşiginiň Baş sekretary Ahmed Abul Gaýt hem bu ýygnakda palestinalylaryň zor bilen göçürilmeginiň uruş jenaýatydygyny we kabul edip bolmajakdygyny aýtdy.

Yslam hyzmatdaşlygy guramasynyň baş sekretary Huseýin Ebrahim Taha hem bu ýygnakda Gazada atyşygyň bes edilmegini we kömek bermek üçin howpsuz geçelgeleriň açylmagyny isleýändigini aýtmak bilen Palestina meselesini adalatly we hemmetaraplaýyn çözmek Ysraýylyň basyp alyşlygyny bes etmek we garaşsyz Palestina döwletini döretmek üçin bilelikdäki tagallalary talap edýär diýdi.

Palestina hökümetiniň başlygy Mahmud Abbas yslam we arap ýurtlarynyň ýolbaşçylaryna sionist basyp alyjy güýçleriň palestina halkyna garşy güýçli söweş başlandygyny we gyzyl çyzyklary bozandygyny aýtdy.

Iordaniýa şasy Abdullah II hem bu ýygnakda urşuň bes edilmegine we Gazadaky adam geçelgeleriniň açylmagyna ünsi çekmek bilen, Palestina meselesiniň çözüp bilmänliginiň netijesini dünýä tölär diýdi.

Müsüriň prezidenti Abdul Fattah al-Sisi hem Saud Arabystanynyň Riýad şäherinde geçirilen Arap we Yslam sammitinde Gazanyň ýaşaýjylary halkara jemgyýetçiliginiň çynlakaý hereketini talap edýän adam öldürmek, gyrana berilmek we adamkärçiliksiz hereketlere sezewar bolýarlar we Gazadaky basyp alyjy güýçleriň palestinalylara garşy hukuk bozulmalary barada adalatly halkara derňewi bolmalydyr diýdi.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bu ýygnakda sözleriň Gazada bolup geçýän wakalary we hassahanalary, dini merkezleri we mekdepleri rehimsiz nyşana alýandygyny aýdyp bilmejekdigini aýtmak bilen Günbatar ýurtlary hatda ot açyşlygyň bes edilmegini islemediler we zuluma dymýan her bir adam muňa şärikdir diýdi.

Kataryň emiri Şeýh Tamim bin Hamad al-Tani hem halkara jemgyýetçiliginiň bu ganhorluklary duruzmak üçin çäre görüp bilmejekdigini aýtmak bilen Halkara jemgyýetçiligi haçana çenli Ysraýyla halkara hukugyndan daşgary ýaly garamagy dowam etdirer? diýdi.