Palestina diplomaty Gazadaky söweşiň gysga wagtda bes edilmegini nygtady
(last modified Thu, 16 Nov 2023 11:20:14 GMT )
Nov 16, 2023 16:20 Asia/Ashgabat
  • Palestina diplomaty Gazadaky söweşiň gysga wagtda bes edilmegini nygtady

Palestina hökümetiniň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekili Sionist režimiň bombalamalary we çozmagy bes edilmeli we Gaza zolagyna kömek berilmeli diýdi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, BMG Howpsuzlyk Geňeşindäki Palestina hökümetiniň wekili Riýad Mansur bu geňeşiň tarapyndan kabul edilen karar, Gaza zolagynyň  bombalamalaryny we 5000 töweregi palestinaly çaganyň öldürilmegini ýazgarmady diýdi.

Bu palestinaly resmi, sionist režimiň palestinalylaryň göçürilmegini dowam etdirmek isleýändigini aýtmak bilen Howpsuzlyk Geňeşiniň kararynyň palestina halky üçin hakykat bolmalydygyny aýtdy.

BMG Baş Assambleýasy (27-nji noýabr) arap ýurtlary tarapyndan teklip edilen karar taslamasyny tassyklady we Gazada gyssagly gumanitar ýaraşygy we söweşleri bes etmegi talap etdi.

Bu karar 14 garşy sesiň garşysynda 120 ses bilen goldanyldy. Sionist režim we ABŞ bu karara garşy ses berdiler.