Ýemeniň ýaragly güýçleri tarapyndan ele salnan Ysraýyl gämisiniň suratlarynyň çap edilmegi
Duşenbe güni Ýemeniň ýaragly güýçleri bu ýurduň güýçleriniň täsin hereketiniň we Ysraýyl gämisiniň Gyzyl deňzinde ele salynmagynyň suratlaryny ýaýratdy.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, ygtybarly çeşmeler ýekşenbe güni Al-Maýadine Ýemeniň deňiz güýçleriniň Gyzyl deňizdäki sionist gämisini ele geçirip, 52 ýolagçysyny tussag edip bilendigini habar berdiler.
Şeýle ýagdaýda Ýemeniň Ansarullah hereketiniň ahlak dolandyryş bölüminiň orunbasary brigada serkerdesi Abdullah Bin Amer duşenbe güni Ysraýyl gämisiniň ele salynmagynyň Gazadaky ýagdaýlar bilen baglanyşyklydygyny aýtmak bilen Gyzyl deňizdäki Ysraýyl režimine Gazany goldamak üçin basyşy işjeňleşdirdik diýdi.
Ýemenli Ansarullahyň bu resmisi şeýle-de bu gäminiň ele salynmagy Ysraýyl režimini goldaýan ähli taraplara Ýemeniň territorial suwlaryna girmeli däldigi baradaky habardyr diýip sözlerine goşdy.
Ansarullah ozal basyp alyjy Kuds režiminiň Gaza zolagynda alyp barýan harby hereketine jogap hökmünde Ysraýylyň islendik gämisini nyşana aljakdygyny mälim edipdi.