ýaraşygyň soňy/ Sionistleriň Gazadaky hüjümleriniň gaýtadan başlamy
(last modified Fri, 01 Dec 2023 07:35:59 GMT )
Dec 01, 2023 12:35 Asia/Ashgabat

Sionist re÷imiň metbugat sekretary, bu re÷imiň Gaza zolagyna täzeden hüjümleriniň başlandygyny habar berdi.

Eýran Press habar gullugynyň habaryna görä, Gaza zolagynda ýerleşýän Han Ýunis şäheri Ysraýyl goşunynyň güýçli bombalanmagyna şaýatlyk edýär. Gazanyň demirgazyk-günbataryndaky garşylyk söweşijileri bilen basyp alyjy güýçleriň arasynda agyr çaknyşyklar hem dowam edýär.

Al-Maýadeen habarçysy sionist režimiň Rafah şäheriniň gündogaryna artilleriýa hüjümleri barada-da habar berdi. Sionist režimiň Gazanyň dürli sebitlerine guran täze howa hüjüminde 6 adam şehit boldy we onlarça adam hem ýaralandy.

Sionist režimiň metbugat sekretary, bu režim tarapyndan ýaraşyk şertnamasynyň yzygiderli bozulandygyny aýtmazdan, palestinalylaryň garşylygyny ýaraşygy bozmakda aýyplady we hamasyň basyp alnan ýerlere raketa atyp, ýaraşygy bozandygyny toslady.

Ysraýyl goşunynyň Baş ştabynyň baştutany Hertzi Halewi düýn penşenbe güni bu režimiň Gazadaky söweşi täzeden başlamaga taýýardygyny aýtdy; Onuň sözlerine görä, uruş ýakyn wagtda gutarmaz.