Ysraýylyň DAEŞ ýaly hereketi we Gazanyň asuda ilatyny köpçülikleýin tussag etmegi
Sionist režimiň esgerleri tarapyndan elleri we gözleri daňylan Gazanyň halkynyň köpçülikleýin tussag edilmeginiň suratlarynyň ýaýramagy dünýä jemgyýetçiliginiň arasynda köp seslenme döretdi.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, käbir sosial media ulanyjylary DAEŞ toparynyň Siriýadaky we Yrakdaky tussaglary bilen alyp barşynyň suratlaryny neşir edip, bu iki suraty bir ýere jemlemek bilen Sionistleriň özüni alyp barşyny terrorçylaryň özüni alyp barşy bilen deňeşdirdiler.
Bu bir ýagdaýdadyr welin sionist goşun tarapyndan tussag edilen adamlaryň garşylyk toparynyň güýçleri bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyny we olaryň hemmesiniň Gazanyň ýönekeý halkynyň bardygyny görkezýär.
BMG-nyň UNRWA ady bilen tanalýan palestinaly bosgunlar üçin bosgunlar gullugynyň ynsanperwerlik meseleleriniň başlygy Hadi Al-Mazoun CNN telekanalyna beren interwýusynda "Olar ne tussag, ne-de Hamas söweşijisidirler; "Olar diňe maşgalalary bilen bolup, bu ýagdaýdan gaçmaga synanyşan parahat ilatdyrlar" diýip yglan etdi.