Gazadaky genosid 100-nji gününe girdi
(last modified Sun, 14 Jan 2024 08:39:31 GMT )
Jan 14, 2024 13:39 Asia/Ashgabat
  • Gazadaky genosid 100-nji gününe girdi

Ysraýylyň Gaza zolagynyň ýaşaýjylaryny genosid etmek maksady bilen bu zolaga eden hüjümleriniň 100-nji güni başlandy, ABŞ bolsa sionist režimiň esasy goldawçysy hökmünde, Bu režimi syýasy we ýarag bilen goldamak bilen, jenaýatlaryň dowam etmegine we gaýtalanmagyna ýol açdy.

Ysraýyl goşuny şu ýekşenbe güni irden Gaza zolagynyň merkezindäki Al-Magazi we Al-Brij lagerlerini nyşana aldy we bu režimiň gury ýer güýçleri bir wagtyň özünde Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky Jenine hüjüm etdi we Günbatar Şeriýadaky Palestina Yslam garşylyk hereketiniň "Hamas" harby ganaty bolan Al-Kassam batalýonlaryndan birnäçe sagatlap garşylyk görkezenden soň, olar bu ýerlerden çekilmäge mejbur edildi.

Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky Ramallahyň demirgazygyndaky Al-Bireh şäherine we Arourah şäherine edilen hüjümde sionist režim güýçleri Hamas hereketiniň görnükli liderlerinden biri bolan şehit Saleh al-Aruriniň iki aýal dogany bolýan  Dalal we Fatemeh al-Arurini, öýlerine hüjüm edenlerinden soň tussag etdiler.

Ysraýylyň soňky ýüz günde 65 müň tonna partlaýjy bombalary ulanyp, 23 müň 843 adamyň, şol sanda 10 müň 400 çaga we 7 müň 100 aýalyň şehit bolmagyna sebäp bolandyr, bu aralykda 70% -i çagalar bolan 7000 adam henizem jesetleri tapylandäldir.

Palestina halkyny goldaýanlaryň demonstrasiýalary, öňki hepdelerdäki ýaly Palestina halky bilen raýdaşlykda dünýäniň we Ýewropanyň dürli şäherlerinde geçirildi.