Netanýahu we Gallant Gaza garşy hüjümleriň dowam etjekdigini aýtdylar
Ysraýyl režimiň Premýer ministri Binýamin Netanýahu we Goranmak ministri Ýoaw Gallant gabaw astyndaky Gaza zolagyna garşy hüjümleriň dowam etjekdigini beýan etdiler
Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahu Ysraýylyň günortasyndaky Newatim haraby howa bazasyna baryp, ol ýerde gözegçilik işlerini geçirdi.
Gaza garşy hüjümleriň maksatlaryna ýetýänçä çenli dowam etjekdigini aýdan Netanýahu: "Hiç kim bize ýalňyz baha bermesin. Ýeňişe çenli howadan, gury ýerden we deňizden söweşmäge dowam ederis" diýip toslady.Goranmak ministri Ýoaw Gallant hem Gaza garşy hüjümleriň dowam etjekdigini beýan etdi.
Harby birikmeleriň birine baryp gören Gallant, ol ýerde eden çykyşynda: "Gazada ýesirler boldugy saýyn söweşi bes etmeris. Ýesirleri yzyna getirmegiň ýeke täk ýoly harby taýdan basyş" diýip öňe sürendir.Kassam topary " Ysraýyla garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda hüjüm gurapdy.
Ysraýylyň goşuny bolsa oňa jogap hökmünde harby uçarlary bilen Gaza sektoryna garşy "Demir Gylyçlar" ady bilen operasiýa başladandygyny beýan edipdi.Ysraýylyň Gaza sektoryna garşy 7-nji oktýabrda başladan hüjümlerinde şu günki güne çenli pida bolan palestinalylaryň sany 24 müň adamdan geçdi.
Çaknyşyklara berilen ynsanperwer arakesmede 81 ysraýylly we 240 palestinaly ikitaraplaýyn häsýetde azat edilipdi.Ysraýylyň harby goşuny Gaza Sektoryna 7-nji oktýabrdan bäri guraýan hüjümlerinde günde azyndan palestinaly 173 zenany we çagany öldürdi.Gazadaky hökümet tarapyndan berlen beýannamada, Ysraýylyň Gaza garşy 104 günden bäri guraýan hüjümlerinde 10 müň 800 çaga bilen 7 müň 250 zenanyň şehit bolandygy nygtaldy. Ysraýylyň hüjümlerinde 70 müň ýaşaýyş jaýynyň dolulygyna ýykylandygy, 290 müň ýaşaýyş jaýyna hem zeper ýetirlendigi ýatladyldy.
Saglygy goraýyş pudagyny nyşana alýan Ysraýylyň saglygy goraýyş işgärlerinden 337 adamyň pida bolmagyna sebäp bolandygy nygtaldy.Gazada 7-nji oktýabrdan bäri 119 žurnalistiň Ysraýylyň hüjümlerinde ýogalandygyna üns çekildi.Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri 99 saglygy goraýyş işgärini we 9 žurnalisti ýesir aldy. 2,3 million ilaty bolan Gaza Sektorynda 2 million adam öýlerini terk etmeli boldy.Wagtlaýyn merkezlerde ýaşaýan palestinaly 40 müň adamyň ýokanç keselleri zerarly hasaba alynandygy bellenildi.Göwreli 60 müň zenan bilen derman ýetmezçiligi sebäpli kroniki 350 müň kesellä uly howpuň abanýandygy ýatladyldy.Ysraýylyň harby goşunynyň hökümete degişli 138 desga bilen 97 mekdebi we uniwersiteti ýer bilen ýegsan edendigi, 295 mekdep bilen uniwersitete hem zeper ýetirendigi bellenildi.Ysraýyl Gazada 157 metjidi dolulygyna ýykdy, 246 metjide zeper ýetirdi, 3 buthananyň hem ýykylmagyna sebäp boldy.Ysraýyl Gazada 150 saglygy goraýyş merkezini nyşana aldy, 53 saglygy goraýyş merkezi bilen 30 hassahanany hatardan çykardy, 122 tiz kömek ulagyny hem ulanylmajak ýagdaýa getirdi.Ysraýyl Palestinanyň medeni mirasyny hem nyşana aldy. Hüjümler sebäpli Gazada 200 taryhy we medeni eser ýykyldy.Ysraýylyň harby goşunynyň 7-nji oktýabrda bäri Gaza 65 tonna partlaýjy maddasy bilen hüjüm gurandygyna üns çekildi.Şol bir wagtyň özünde Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Gazanyň halkyna ynsanperwer kömeginiň berilmegi üçin hüjümleriň gyssagly bes edilmegi barada çagyryş berdi.Makron, Şweýsariýanyň Dawos şäherçesinde geçirlen 54-nji Bütin dünýä Ykdysadyýet forumynda eden çykyşynda, dünýäniň bölünendigini, ABŞ bilen Hytaýyň arasynda uly dartgynlygyň başdan geçirilýändigini nygtap “Ýewropada we Ýakyn Gündogar söweş yzyna dolandy” diýdi. Emmanuel Makron, Gazanyň halkyna ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi üçin hüjümleriň gyssagly bes edilmelidigini aýtdy.
Sebitde iki döwletli çözgüdiň ýeke-täk çäredigini nygtan Makron, Ýakyn Gündogarda parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin uly tagalla edilmelidigini ýatlatdy.