Netanýahu Hamasyň tussaglary çalyşmak baradaky şertlerini ret etdi
(last modified Mon, 22 Jan 2024 11:11:35 GMT )
Jan 22, 2024 16:11 Asia/Ashgabat
  • Netanýahu Hamasyň tussaglary çalyşmak baradaky şertlerini ret etdi

Gazadaky jenaýatlaryň öňüni almak üçin şu günler güýçli içerki we daşarky basyşlara sezewar bolan Sionist režimiň premýer-ministri Palestinanyň Yslam garşylyk hereketiniň "Hamas" -yň tussaglary çalyşmak baradaky şertlerini ret etdi.

7-nji oktýabrda geçirilen "Al-Aqsa tupany" operasiýasy sionist režimiň howpsuzlygyny we syýasy ulgamyny bozdy. Bu operasiýa wagtynda onlarça sionisti ýesir alan Hamas hereketi, urşuň bes edilmegini we bu tussaglaryň aýallar we Sionist režimi tarapyndan saklanýan käbir palestinaly tussaglar bilen çalşylmagyny talap etdi.

"Al-Mayadeen" ulgamynyň habaryna görä, Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu ýekşenbe güni Hamasyň tussag alyş-çalyş şertlerini ret etmek bilen urşy ähli tarapdan dowam etdireris diýdi.

Netanýahunyň aýdanlaryndan soň, Ysraýyl tussaglarynyň maşgalalary Netanýahunyň ýaşaýan ýeriniň öňünde demonstrasiýa guradylar we tussaglary çalyşmak barada haýal etmän ylalaşyk gazanmagyny talap etdiler.

Ýekşenbe güni Tel Awiw hem Benýamin Netanýahunyň garşysyna köpçülikleýin demonstrasiýalara şaýat boldy.

Bu ylalaşmazlygyň netijesi, Tel Awiw kabinetini dargatmak howpuna saldy we Palestina garşy söweşde goşuny gowşatdy.

Sionist tussaglaryň maşgalalary ýekşenbe güni agşam Sionist režiminiň Uruş ministrliginiň Tel Awiwdäki baş edarasynyň girelgesini petiklediler. Bu maşgalalar tussaglaryň çalşylmagyny talap edýän şygarlary aýtdylar.

Şeýle ýagdaýda Mossadyň öňki başlygy "Tamir Bardo" Tel Awiwiň tussaglaryň alyş-çalyş şertnamasyna gol çekmekden we Gazadaky Hamasyň ýolbaşçysy yaahýa al-Sanwar bilen tussaglaryny boşatmakdan başga çäräniň ýokdugyny aýtdy.