Amerikan söweş uçarlary Ýemeniň demirgazygyna hüjüm etdiler
(last modified Tue, 30 Jan 2024 09:14:54 GMT )
Jan 30, 2024 14:14 Asia/Ashgabat
  • Amerikan söweş uçarlary Ýemeniň demirgazygyna hüjüm etdiler

Habar çeşmeleri sişenbe güni irden Ýemeniň demirgazygyndaky Saadanyň Amerikan söweş uçarlary tarapyndan nyşana alnandygyny habar berdiler.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, käbir resmi däl çeşmeler Yemenemeniň paýtagty Sanada partlamanyň eşidilendigini habar berdiler.

Amerikan söweş uçarlarynyň Ýemeniň demirgazygyndaky hüjümi bir ýagdaýdadyr welin Ýemeniň Ansarullah hereketiniň syýasy edarasynyň agzasy Abdul Malik Al-Ajriniň duşenbe güni agşam dartgynlylygy güýçlendirmek we bize hüjüm etmek hiç wagt Gyzyl deňiz krizisiniň çözgüdine sebäp bolmaz diýip duýduryş beren wagty boldy.

Al-Ajri sözüniň dowamynda bize garşy urşuň möwjemegi Ýemeni Palestina kömek bermekden saklandyrmaz diýdi.

Ol ondan öň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Angliýanyň Ýemene garşy guran hüjümleri barada durup geçdi we muny Sionist režimine goldawyň dowam etmegine laýyk hasaplady we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Gyzyl deňziň howpsuzlygyna howp salýandygyny mälim etdi.

Al-Ajri şeýle-de diňe Ysraýylyň gämilerine ýa-da bu režime haryt daşaýan gämilere geçmek gadagan, ýöne Amerika ýagdaýy ähli gämilere ýaýratmak isleýär diýdi.