Sionist režimiň Gaza zolagyna dowam edýän hüjümleri
Sionist goşunyň Gaza zolagyna eden soňky hüjümlerinde ýene sekiz palestinaly şehit boldy.
IRIB habar gullugynyň anna güni beren habaryna görä, Kudsy basyp alan režimiň goşunynyň Gaza zolagynyň merkezinde ýerleşýän "Al-Nusirat" we "Al-Brij" iki lagerdäki 3 sany ýaşaýyş jaýyna we awtoulagyna howa hüjümi netijesinde azyndan 8 adam şehit boldy, käbirleri ýaralandy.
Al Jazeera hem, Sionist goşunynyň bombalanan ýeriniň suratlaryny, halas ediş güýçleriniň ýaralananlary halas etmek we şehitleriň jesetlerini harabalygyň aşagyndan çykarmak we keselhana geçirmek baradaky tagallalaryny neşir etdi.
Şol bir wagtyň özünde sionist režimiň söweşijileri Liwanyň günortasyndaky käbir etraplary bombalady.
Sionist režimiň jenaýatlaryna we Palestina halkyny goldamak üçin Liwan Hizbollah güýçleri basyp alnan Palestiniň demirgazygyndaky Sionist režiminiň harby bazalaryny nyşana aldy.
Galp sionist režimi, Günbatar ýurtlarynyň doly goldawy bilen 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan başlap, Gazanyň zolagynda we Günbatar Şeriýada Palestinanyň goragsyz we mazlum halkyna garşy köpçülikleýin gyrgynçylyk etdi we basyp alyjy Ysraýyl režiminiň jenaýatlary barada halkara jemgyýetçiliginiň we adam hukuklary guramalarynyň dymmagy palestinaly aýallaryň we çagalaryň bikanun sionist režiminiň söweş enjamy tarapyndan öldürilmeginiň dowam etmegine sebäp boldy.
Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň yglan etmegine görä, 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza zolagynda 36 müň 224 palestinaly şehit boldy we 81 müň 777 adam ýaralandy.