Olmertiň Netanýahuny aýyrmak islegi
Sionist režimiň öňki premýer-ministri bu režimiň premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň işden aýrylmagyny isledi.
IRNA-nyň çarşenbe güni beren habaryna görä, sionist režimiň öňki premýer-ministri "Ehud Olmert", bu režimiň premýer-ministri "Benýamin Netanýahu" -yň häzirki syýasatyna garşydygyny birnäçe gezek mälim etmek bilen Netanýahuyň Gazadaky söweşi uzaltmaga we Ysraýyly ýok etmäge synanyşýandygyny aýdandyr.
Sionist režimiň öňki premýer-ministri, Al-Aqsa tupan operasiýasynda palestinalylaryň Ysraýyla garşy garşylygynyň ýeňendigini aýtmak bilen Ysraýyl, "Al-Aqsa tupany" operasiýasyna çenli palestinalylaryň garşylygynyň güýjüne hemişe baha bermedi diýdi.
Olmert, şeýle hem Al-Aqsa tupan operasiýasynda basyp alyjy regžimiň geň galdyrmagy barada şeýle diýdi: Palestinalylaryň bize garşy hiç zat edip bilmejekdigini pikir etdik, emma olar bu söweşde ýeňiş gazandylar.
Sionist režimiň bu öňki resmisi Gaza zolagynda urşuň bes edilmegini islemek bilen bize Ysraýylyň ähli tussaglarynyň boşadylmagyna sebäp boljak ylalaşyk gerek diýdi.